milli goshun logo
Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň şanyna
Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň şanyna
12 sagat öň 8 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň nurana senesini hem-de täze taryhy döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dabaralandyrdy.

Aýdym-sazly dabara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň röwşen geljege tarap ynamly öňe barýandygyny açyp görkezýän ajaýyp çykyş bilen açyldy. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Dabara Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby esasynda taýýarlanylan edebi-sazly kompozisiýa bilen dowam edip, onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini tüýs ýürekden goldaýandygy çeper dilde täsirli şöhlelendirildi.

Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ajaýyp sahnada ýerine ýetiren aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna, çagalar döredijiliginiň joşgunyna beslendi. Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlarydyr tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olarda türkmen halkynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjyny duýmak bolýar.

Konsert meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini giňden açyp görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Sungat ussatlarynyň ýürek joşguny, yhlasy we zehini tomaşaçylaryň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar häzirki zaman liriki eserleri, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanan halk aýdymlaryny, täze eserleri ýerine ýetirdiler. Tans toparlarynyň ýokary çeperçilikde ýerine ýetiren tanslary hem tomaşaçylarda aýratyn täsirleri galdyrdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň göwün göteriji çykyşy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumymilli dabaralara beslenýän Watanymyzyň agzybir halkynyň kalbynyň senasyna öwrüldi.

Konsertde milli we daşary ýurt aýdym-saz sungatynyň ajaýyp nusgalary, dessanlardyr häzirki zaman eserleri ýaňlandy. Eziz Watanymyzy, onuň gözelligini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirildi. Özboluşly däp-dessurlarymyzy beýan edýän etnografik çykyşlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagy hoş owazly aýdymçylaryň eserlerine aýratyn bezeg berip, sahnada janly çykyşlaryň emele gelmegini şertlendirdi. Görnükli aýdymçylaryň ussatlygy hem-de ýaşlaryň döredijilik gözlegleri bir bitewi sazlaşygy döretdi. Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.

Dabara gatnaşyjylar konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýolunyň waspnamasy bolan watançylyk aýdymyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň ruhubelentligi we watançylyk duýgusy, parahatçylyga hem-de döredijilige ygrarlylyk wasp edildi.