Mähriban
halkym!
Eziz
watandaşlar!
Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde
giňden bellenýän halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs
ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen
ýylda halklary we döwletleri jebisleşdirýän bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň
kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy
has-da joşduryp, täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara ruhlandyrjakdygyna berk
ynanýaryn!
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri jan
saglygyny başynyň täjine deňäp gelýär. Ata-babalarymyz sagdyn ýaşamagyň milli
kadalaryny esaslandyrmak bilen, dünýäniň maddy we ruhy medeniýetine uly goşant
goşupdyr. At çapmak, altyn gabak atmak, göreş tutmak, çilik, keçe-keçe, düzzüm
ýaly iň gowy gylyk-häsiýetleri, sagdynlygy, synçylygy terbiýelemäge ýardam
edýän oýunlar geçmişde hem, biziň günlerimizde hem halkymyzyň medeniýetli dynç
almagy başarandygyna, adama uly hormat goýmagy ýörelge edinendigine güwä
geçýär.
Häzirki döwürde müňýyllyklardan gözbaş alyp
gaýdýan milli däplerimizi dowam etdirip, biz raýatlarymyzyň bedenterbiýe hem-de
sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris.
Sportuň asyrlarboýy dowam edip gelýän milli görnüşleri bilen birlikde, dünýäde
giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen ugurlaryny hem
giňeldýäris. Bu babatda ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa taýdan
abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýän hem-de uly geljegi
bolan welosiped sportuny yzygiderli ösdürýäris.
Welosiped sportunyň häzirki döwürde
köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, ilatymyzyň sportuň bu görnüşine bolan
höwesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç
alyş bilen utgaşdyrylýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, milli
baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli işjeň welosipedli ýörişleri guramak
ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25
ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda hem biz Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde şäheriň görküni has-da artdyrjak
Welosiped binasyny açýarys. Şeýle hem, ýurdumyzyň iri sport toplumlarynda,
stadionlarda bedenterbiýe-sport çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirýäris.
Munuň özi Bütindünýä welosiped gününiň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny
pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahatçylyk we
raýdaşlyk, sagdynlyk hem-de ruhubelentlik ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň
giňden dabaralanýandygyny tassyklaýar.
Mähriban
halkym!
Eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan
kuwwatly döwlete öwürmek, ýurdumyzyň medeni ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy
hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy
taýdan sazlaşykly ösüşi biziň baş maksadymyzdyr. Bu ugurda biz milli
maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Gysga
döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport
hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa
şäherçesi guruldy, döwrebap sport düzümleri döredildi. Halkymyzyň
abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat
merkezlerinde öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy
goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmak,
dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmek
arkaly bu ugurda hem uly ösüşler gazanyldy. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda şäherdir obalarymyzdaky bedenterbiýe we
sport desgalarynyň we binalarynyň ulgamyny giňeltmek boýunça toplumlaýyn işleri
dowam edýäris.
Biz
halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem uly üns berýäris. Halkara
Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň
Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň
Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy,
halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýäris.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji
iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan
kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan
yzygiderli goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi
Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk
jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň
täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.