Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş
baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli
halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň
ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we
Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet
baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy
dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri
milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun
baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň
gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere
ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý
agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir.
“Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy
tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden
rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň,
müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik
taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly
raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk
özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz
Gutlagynda nygtaýar.
Bu beýik baýramy uly zähmet sowgatlary, täze üstünlikler bilen garşy alan halkymyz ertirki güne bolan synmaz ynamyny dünýä äşgär edýär. Konstitusiýamyz hem-de Döwlet baýdagymyz Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen täze belentliklere tarap alyp barýan ýolgörkeziji bolmagynda galýar.