milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
15 sagat öň 18 Habarlar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Gaznanyň şahamçasynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we ösen infrastrukturasy bilen meşhur bu sebit häzirki wagtda diňe bir şypahana zolagy bolman, eýsem, çagalar üçin sagaldyş-dikeldiş merkezine hem öwrülýär.

Gaznanyň şahamçasy çylşyrymly operasiýalary geçiren ýa-da uzak möhletli bejergi alýan çagalara toplumlaýyn lukmançylyk kömegini guramak üçin möhüm merkez bolar. Hazar deňziniň arassa howasy, döwrebap sagaldyş merkezleri we gazna tarapyndan işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagy çagalaryň saglyklaryny dikeltmegi we doly derejede durmuşa goşulyşmagy üçin amatly şertleri döreder.

Gaznanyň şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar. Bu desganyň işe girizilmegi her bir çagany üns we alada bilen gurşaýan, olaryň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin ähli mümkinçilikler döredilen Türkmenistanyň röwşen geljeginiň berk binýadyna goşulan saldamly goşant boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň ýolbaşçylary hem-de agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa açylyş dabarasyndaky çykyşynda şu günki taryhy wakanyň — haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasynyň ähmiýetini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň bu ajaýyp zolakda açylmagy çagalaryň diňe lukmançylyk kömegi däl, eýsem, dynç almagy üçin hem oňyn şertleri döreder.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda ýurdumyzyň Döwlet tugy belende galdyrylýar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanan ýörite sazyň ýaňlanmagynda gaznanyň baýdagy galdyrylýar.

Dabara gatnaşyjylar «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans toparynyň çykyşyna tomaşa edýärler. Bu toparyň çykyşy hemişe ýatdan çykmajak waka öwrülýär. Olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren hereketleri tomaşaçylara şatlyk paýlady. “Jahan” çagalar tans topary döredijilik merkeziniň buýsanjydyr, çünki olaryň çykyşy diňe bir tans bolman, eýsem, hereketleriň üsti bilen beýan edilýän sahna eseridir.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan “Jahan” döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak barada karara gelindi. Munuň özi merkeziň işini döwrebap alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Çykyş tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa şowhunly el çarpyşmalar astynda binanyň toý bagyny kesdi.

Dabara gatnaşyjylar täze, döwrebap binada döredilen şertler bilen tanyşdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösüşini üpjün etmek boýunça döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Soňra dabara gatnaşyjylar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan türkmen milli tagamlarynyň sergisi bilen tanyşdylar. Türkmen milli aşhanasy diňe bir tagamlaryň toplumy bolman, eýsem, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý medeni mirasynyň we myhmansöýerlik däpleriniň aýdyň mysalydyr. Milli aşhanamyza bagyşlanan sergi her bir tagamy taýýarlamak usulynyň halkymyzyň däp-dessurlary bilen berk baglanyşykly bolup, bu usullaryň nesilden-nesle geçirilip, dowamat-dowam bolýandygyny görkezmäge gönükdirilendir.

Sergi diňe bir tagamlary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň taryhy, edim-gylymlary, maşgala we jemgyýet bilen baglanyşykly ruhy-ahlak gymmatlyklary barada gürrüň berýär. Myhmanlara çörek, pişme, palaw hem-de dograma ýaly milli aşhanamyzyň naýbaşy tagamlary hödürlenildi.

* * *

Şeýle hem dabaranyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.