Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp,
iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma
bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli
Liderimiziň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly
duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýewiň
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan
netijeleriň we gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Gahryman
Arkadagymyz dostlukly ýurduň Baştutanyny we azerbaýjan halkyny bu taryhy
ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady.
Prezident Ilham Aliýew ýakynda Awazada guralan BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy
tüýs ýürekden gutlap, Azerbaýjanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin
hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetiniň
maslahata ýokary derejede gatnaşandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Awazada Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda
geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler üç ýurduň
arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň toplumy boýunça
giňeltmek, hususan-da, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça uly
mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Awaza»
kongresler merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy
geçirildi. Bu duşuşykda şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bagly meselelere
seredildi. Duşuşykda Milli Liderimiziň hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň
goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürüldi.
Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri
tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.
Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident
Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge
çagyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan
saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik azerbaýjan tarapynyň
başlangyjy bilen geçirildi.