milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Sergeý Lebedew bilen duşuşygy
Gahryman Arkadagymyzyň Sergeý Lebedew bilen duşuşygy
23.05.2024 99 Habarlar

Düýn – 22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, Arkalaşygyň çäklerindäki özara hereketleri üstünlikli utgaşdyrýandygy we GDA-nyň abraýynyň berkidilmegine uly goşant goşýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we myhman birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.