23-24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň, rowaçlygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwlete şu gezekki saparynyň netijeleri, şeýle hem Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikler bar bolan uly mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.