milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy
30.04.2022 3605 Habarlar

Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri Ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.