milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
Gahryman Arkadagymyzyň Gyrgyz Respublikasyna dostlukly sapary
24.04.2025 100 Habarlar

22-23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Dostlukly saparyň ikinji gününde – 23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.