Düýn – 31-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy we halkara çärelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Milli Liderimiz «Awaza» sport toplumyna gelip, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe ýolbaşçylarynyň degişli düzümlerde ýerine ýetirýän işleri baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna Hazaryň kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hödürlenildi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.