milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
18.05.2025 106 Habarlar

Düýn – 17-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen hem-de öňdebaryjy şähergurluşyk ýörelgelerini özünde jemleýän Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy sazlaşykly ösüş ýoluna düşen, kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistanda, aýratyn-da, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň bu bank üçin uly hormatdygyny nygtady.

Soňra bu ýerde resminama gol çekmek dabarasy boldy.