milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
10.04.2025 221 Habarlar

Düýn – 9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherine barýan ýollaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýol ýakalarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkelleriň, bezeg serişdeleriniň görnüşlerini kesgitlemek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hajy Arkadagymyzyň täze şäherde metjidiň gurulýan ýerine gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşmagy paýhasly pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsi boldy.