Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan
bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu
bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň
dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany
açar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryna sapar bilen ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ABŞ-a ugrady.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we
deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Birnäçe ugurlary öz içine alýan
netijeli gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda bu
ýurduň dünýä belli kompaniýalarynyň birnäçesi ýurdumyzda oba hojalygy, senagat
ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň
gatnaşýar.
Türkmenistanyň
we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar
okgunly ösdürilýär. Munuň özi birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda
ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýar. Iri
amerikan kompaniýalary dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen
Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly
gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ilerledilmegine giň ýol açýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu sapary “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni
ýetirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly
ösdürilmegine ýardam eder.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň ABŞ-a sapary dowam edýär.