Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýän syýasatyň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady giňişliginde
eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar, dürli döwletler we halkara guramalar
bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ilerledýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçysy bolan
«Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap
berdi.
Gahryman
Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri,
ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada
Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Milli Liderimiziň meşhur teleýaýlymyň
žurnalisti bilen söhbetdeş bolmagy dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan ägirt
uly gyzyklanmasynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýediginiň,
Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky aýdyň
güwäsidir.
— Siziň
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyňyzyň esasy maksady nämelerden ybarat?
— Siziň
bilen Remezan aýynyň başynda duşuşýandygyma şat. Dünýäde adamlaryň abadan,
parahat, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän
doga-dilegleriň kabul bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ilki bilen, bu
saparymyzyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we saparyň
baý mazmunly maksatnamasy üçin amerikan hyzmatdaşlarymyza minnetdarlygymy
bildirmek isleýärin.
Türkmenistan
bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda däp bolan dostlukly, netijeli,
özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn bellemek
gerek. Bu gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym, sport ýaly
esasy ugurlaryň ählisini diýen ýaly öz içine alýar. Biz hyzmatdaşlygyň
mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alyşmaga, bilelikdäki hereketleriň
mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýäris. Biz häzirki günde
açylýan hakyky mümkinçilikleri görýäris hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli
dialoga hemişe taýýardyrys. Şeýle çemeleşme türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň
ileri tutulýan ugurlaryna özara düşünilýändigi bilen şertlendirilendir.
Biz
ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýetilen derejesine hem-de häzirki ýagdaýyna
ýokary baha berýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny
ykrar eden we onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji döwletleriň
biri boldy. ABŞ-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormaty we
hoşniýetli garaýşy üýtgewsiz bolmagynda galýar. ABŞ Türkmenistanyň möhüm
söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ugurda hem örän uly tejribe
toplanyp, anyk netijeler gazanyldy. Gatnaşyklarymyz yzygiderli ösýär, özara
haryt dolanyşygynyň ösüş depgini ýokarlanýar. Umuman, Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna bu sapar uzak geljege gönükdirilen köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdürilmegine itergi berer.
— Siziň
ýurduňyzyň tebigy serişdelere, şol sanda energetika serişdelerine baýdygyny
bilýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň strategiýasy nähili?
— Dogry
aýdýarsyňyz. Türkmenistan, hakykatdan-da, uglewodorod serişdeleriniň örän uly
gorlaryna eýe bolan döwletdir. Şunlukda, tebigy gazyň kesgitlenen we
tassyklanan möçberi boýunça biz dünýäde dördünji orny eýeleýäris.
Türkmenistan
häzirki zamanyň geoykdysady şertlerinde bu ýagdaýyň ähmiýetine has doly
düşünmek bilen, öz energetika strategiýasyny, şol sanda ony halkara bazarda
örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda ýola goýýar. Şunda baş maksat
energetika akymlaryny akylly-başly diwersifikasiýa etmekden we olaryň
deňagramly esasda sazlaşygyny, howpsuz, ygtybarly görnüşde iberilmegini üpjün
etmekden ybaratdyr. Biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, syýasy derejede
hem-de halkara hukuk nukdaýnazaryndan, häzirki ählumumy ösüşiň talaplary, özara
bähbitlilik esasynda alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan
energetika howpsuzlygy mowzugy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň
çäklerinde giň, köpugurly gepleşikleri ýola goýdy hem-de Baş Assambleýanyň
yzygiderli kabul eden Kararnamalarynyň birnäçesiniň öňbaşçysy boldy. Şunuň ýaly
ilkinji Kararnama 2008-nji ýylda makullanyldy. Şondan bäri energetika
howpsuzlygy baradaky mesele energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji
we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan täze
häsiýete eýe boldy.
Biz
syýasy taýdan energetika akymlarynyň diwersifikasiýasyny, howpsuzlyk kadalaryny
amaly işler arkaly durmuşa geçirýäris. Elbetde, şunda geoykdysady ýagdaýlary we
ösüş meýillerini nazara alýarys. Mysal üçin, bir döwürler tebigy gaz
eksportynyň esasy bölegi Russiýa gönükdirilipdi, ýagny bu ýurda ýylda 40
milliard kub metre çenli gaz iberilýärdi. Häzirki wagtda biziň gazymyzy esasy
sarp ediji Hytaý bolup, onuň möçberi-de, takmynan, şol derejededir. Şeýle hem
Türkmenistan sebitde diwersifikasiýa syýasatyndan ugur alyp, Eýrana-da,
Azerbaýjana-da, Gazagystana-da, Özbegistana-da, gyzyklanma bildirýän beýleki
ýurtlara-da “swap” usuly arkaly gaz iberip biler.
Häzirki
wagtda biziň ýurdumyz örän uly halkara taslamalaryň biri bolan Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH) amala aşyrýar. Bu gün
TOPH-nyň Owganystanyň çägindäki birinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barlyp,
«Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýar. Bu taslama halkara derejede goldaw
tapýar, şol sanda ol ABŞ tarapyndan hem goldanylýar. Ol Günorta Aziýa
döwletleriniň artýan energetika isleglerini üpjün etmek babatda uly
mümkinçiliklere eýedir. Şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn hem-de
Orta Gündogaryň ösýän bazarlaryna çykmaga gowy mümkinçilikleri döredýär. TOPH
taslamasy syýasy durnuklylygyň, ykdysady abadançylygyň üpjün edilmegi, maýa
goýumlar babatda özüne çekijiligi bilen uly ähmiýete eýedir. Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gyzyklanma bildirýän
kompaniýalar üçin açykdygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Amerikan
hyzmatdaşlarymyzyň hem oňa gatnaşmagyň mümkinçiliklerine hakyky baha
berjekdigine umyt edýäris.
—
Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegine nähili garaýarsyňyz?
— Biz bu
taslamany energetika akymyny diwersifikasiýa etmegiň hem-de yklymda energetika
howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görýäris. Türkmenistan
oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara hukuk häsiýetli,
ylaýta-da, Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek
zerurdyr. Birnäçe wagt mundan ozal, bu mesele bilen meşgullanmak üçin
türkmen-azerbaýjan iş topary döredildi. Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy
netijeleri berjekdigine umyt edýäris.
— Siz
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli
mowzugy gozgadyňyz. Häzirki wagtda bu ugurda işleriň ýagdaýy nähili?
— Biziň
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösýär, özara
bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar. Köp ýyllaryň dowamynda
amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard
amerikan dollaryna golaý bolan ykdysady taslamalaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy
we aşyrylýar. Iri amerikan kompaniýalary köp wagtdan bäri türkmen bazarynda
möhüm ugurlar bolan ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda,
elektroenergetikada, programma üpjünçiliginde, oba hojalygynda, azyk
senagatynda we beýleki pudaklarda üstünlikli işleýärler. Biz şeýle
hyzmatdaşlygy goldaýarys hem-de oňa ýokary baha berýäris. Mundan beýläk-de ony
höweslendireris we goldarys. Men şolaryň arasynda «John Deere», «General
Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly
kompaniýalary görkezip bilerin. Bular sanawdaky kompaniýalaryň hemmesi däldir.
2008-nji
ýylda biziň başlangyjymyz bilen döredilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň
möhüm ornuny aýratyn bellemek gerek. Şondan bäri geçen döwürde ol ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň wajyp we täsirli guralyna öwrüldi. Iki ýurduň işewür
düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmakda, ösdürmekde we berkitmekde,
hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bilelikde gözlemekde uly ähmiýete eýe
boldy. Şeýle-de ol türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iri taslamalary
amala aşyrmak üçin netijeli meýdançany döretdi. Işewürlik geňeşi iki ýurduň
işewür toparlarynyň arasynda mynasyp abraýa eýe boldy. Onuň pikirleri we
maslahatlary Türkmenistanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet edaralary tarapyndan
diňlenilýär.
Şol bir
wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygy äşgärdir. Ilki
bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary
tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, iri milli we halkara
infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutmak gerek. Biz
Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan
maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri
görýäris. Şeýle-de elektroenergetika, kompýuter, logistika hyzmatlary, bilim we
işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda amatly şertler bar.
—
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň başga haýsy ugurlaryny geljegi uly diýip
hasaplaýarsyňyz?
—
Medeniýet, ylym, bilim, sport, umuman, ähli durmuş-jemgyýetçilik ulgamlary. Bu
babatda hyzmatdaşlygyň oňat we peýdaly tejribesi bar. Şunda ABŞ-nyň Döwlet
departamentiniň maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalar möhüm
orny eýeleýär. Mysal hökmünde 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işjeň alnyp
barylýan «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiniň gaznasy» maksatnamasyny
görkezmek bolar. Häzirki wagta çenli bu gazna ýurdumyzda 30 sany taslamany
goldady.
Türkmenistanda
iňlis diline uly gyzyklanma bar. Häzirki günde ýurdumyzyň ähli umumybilim
berýän mekdeplerinde iňlis dili öwredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň
dördüsinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar. Ýurdumyzda gurlan «akylly»
şäher bolan Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça
okadyljak, iňlis diline ýöriteleşdirilen mekdebi açmagy meýilleşdirýäris. Şunda
esasy ünsi çekmeli zat bar: okuw prosesi ýaşlara ABŞ-nyň abraýly
uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda,
Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik bermäge
gönükdiriler. Ine, şu ýerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim hem-de ylmy
jemgyýetçiliginiň häzirki işi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Medeniýet
barada aýdanymyzda, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi bilen hyzmatdaşlyk ýola
goýuldy. Men bu hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerur hasaplaýaryn. Türkmenistan
gadymy we örän baý taryha, medeniýete eýe bolan döwletdir. Öz gezeginde, bizde
amerikan kinematografiýasyna, edebiýatyna, sazyna uly gyzyklanma bar. Soňky
ýyllarda dürli bilim maksatnamalary amala aşyrylýar, professorlaryň saparlary,
olaryň umumy we ussatlyk sapaklary geçirilýär. Arheologiýa toparlarynyň
ýurdumyza gelip, gazuw-agtaryş işlerini alyp barmagy üpjün edilýär. ABŞ-nyň
Döwlet departamentiniň maksatnamalary esasynda amerikan saz we tans
toparlarynyň konsertleri geçirilýär. Amerikan filmleriniň däbe öwrülen tomusky
we gyşky görkezilişleri guralýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we
giňeltmäge, türkmen medeniýetini ABŞ-da has giňden tanyşdyrmaga taýýardyrys.
— Türkmenistan
strategik taýdan möhüm sebitde ýerleşýär. Bu ýagdaý ýurduňyza, onuň daşary
syýasatynyň we ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna nähili täsirini
ýetirýär?
— Biz öz
ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady ýerleşişine doly derejede göz ýetirýäris. Ol
bize Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda birleşdiriji köpri bolmaga, Hazar
deňzinden Gara deňze, Ortaýer deňzine, Ýakyn Gündogara çykmaga mümkinçilik
berýär. Hut şu strategik ýagdaý hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk babatda
örän oýlanyşykly we deňagramly çemeleşmesini, umuman, biziň daşary syýasat
konsepsiýamyzy kesgitleýär. Onuň binýadynda bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesi durandyr.
Bitaraplyk
kadalaryna esaslanyp, biz sebitde parahatçylygy üpjün etmek we öňüni alyş
işlerini alyp barýarys, halkara giňişlikde parahatçylyk hem-de ynanyşmak gün
tertibini öňe sürýäris. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen
Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
yglan edildi. Bu dünýä syýasatynyň möhüm wakasyna öwrüldi. Aşgabatda geçirilen
iri halkara forum ýylyň iň esasy çäresi bolup, oňa 66 döwletden, 30 sany
halkara guramadan wekiller, 16 ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary
gatnaşdylar. Türkmenistan öz geostrategik ýerleşişini, hemişelik Bitaraplyk
derejesini diňe döredijilikli, netijeli maksatlar, ýagny durnuklylygy üpjün
etmek, dawa-jenjelleriň öňüni almak, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny
höweslendirmek, Merkezi Aziýa, Hazar sebitleriniň dünýäniň ykdysady, syýasy
işlerine üstünlikli goşulmagyny gazanmak üçin ulanýar.
— Siz
Florida ştatynda geçirilýän duşuşyklardan nähili netijelere garaşýarsyňyz?
— Biz bu
ýerde bolmagymyzy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Florida ştatynyň arasynda göni
gatnaşyklary ýola goýmak, umumy bähbitlere laýyklykda peýdalanyp boljak güýçli
taraplary we mümkinçilikleri birleşdirmek üçin ulanmak isleýäris. Bu ýerde
gürrüň işewürlik hyzmatdaşlygy, maýa goýum işi, söwda ulgamynda haýsydyr bir
ylalaşyklary gazanmak barada barýar. Şeýle-de Florida ştatyndaky sport
desgalarynyň gurluşygyny, umuman, sport işiniň guralyşy boýunça tejribäni
öwrenmek isleýäris. Hususan-da, gürrüň golf barada.
Türkmenistanda
2017-nji ýylda meýdanlary bilen bilelikde 70 gektardan gowrak ýeri eýeleýän
ilkinji golf kluby açyldy. 2022-nji ýylda geçirilen forumyň dowamynda Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan
kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol
çekildi. Biz Türkmenistanda golfy ösdürmek bilen çynlakaý meşgullanýarys we bu
ugurda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyga bil baglaýarys. Bu,
umuman, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşine hem degişlidir. Florida bu
ugurda ajaýyp üstünliklere eýe. Şoňa görä, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola
goýmaga umyt edýäris.
Atçylyk
hem geljegi uly ugurlaryň biridir. Türkmenistan — meşhur ahalteke atlarynyň
watany. Adam tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen ilkinji medeni tohumyň taryhy
bäş müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyga
aýratyn üns berilýär. Florida ştatynda-da bu ugruň giňden ösendigini we
meşhurdygyny bilýäris. Şunda tagallalarymyzy, tejribämizi, bilimlerimizi
birleşdirmegi teklip edýäris.
Sözümiň
ahyrynda şu günki duşuşyk üçin size minnetdarlyk bildirýärin hem-de
Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny dostlukly ýurt, ygtybarly
hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtamak isleýärin.
***
Söhbetdeşligiň
ahyrynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han gürrüňdeşligiň
işjeň we netijeli ýagdaýda geçendigini aýdyp, häzirki döwrüň meseleleri boýunça
pikirlerini beýan edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi. Milli Liderimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň
35 ýyllyk şanly baýramynyň, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň
hormatyna giň möçberli dabaralaryň geçiriljekdigini belläp, Rizwan Hany we
«Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň döredijilik toparyny bu dabaralara çagyrýandygyny
mälim etdi.
Rizwan
Han bu çakylygy özlerine bildirilen belent hormat hökmünde kabul edýändigini
nygtap, ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistanda geçiriljek
dabaralara uly höwes bilen gatnaşjakdygyny aýtdy we munuň üçin Gahryman
Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde
meşhurlyk gazanan «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna we onuň
döredijilik toparynyň agzalaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.