Düýn – 29-njy aprеlde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Žoel Buzu ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.