Düýn – 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolup, hormatly myhman hökmünde «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz forumda eden taryhy çykyşynda yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi. Yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini, bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş bilen bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma we üns bilen diňlenildi.