Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly
sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen,
Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna ugramak
üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýyly taryhy üstünliklere beslenýär. Bu şanly ýylda Niderlandlar
Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport
bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli
Kararyna laýyklykda, halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna
deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň
dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki
halkara gözellik we atly sport bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady
bilen, Guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu topara Gahryman Arkadagymyzyň
hut özi ýolbaşçylyk edýär. Munuň özi bedew aty bilen şöhratly ýol geçen
halkymyzyň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem özüniň köpasyrlyk wepaly
ýoldaşyna aýratyn gadyr goýup, dünýä derejesinde sarpalaýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Kararyna
laýyklykda, behişdi bedewleriň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri
boýunça ilkinji gezek geçirilen bu dünýä çempionatynyň netijelerini jemlemek
üçin Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy.
Bu çäreleriň dowamynda Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlise
gatnaşmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende
galdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz
Düsseldorf halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy
Germaniýanyň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerden ugrady.
...Birnäçe wagtdan Gahryman Arkadagymyz Kronenberg
şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atly ýigitleriniň ugratmagynda
«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň binasyna bardy. Bu görnüşler Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen
ýylda behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýandygyny
aýdyň görkezdi.
Atçylyk-sport toplumynyň binasynyň öňünde Gahryman
Arkadagymyz mähirli garşylanyldy. Bu ýerde halkymyzyň göz guwanjyna deňelýän
ahalteke bedewlerine bagyşlanan ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýerine
ýetirildi. Munuň özi ýurdumyz tarapyndan ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji
gezek geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna
aýratyn öwüşgin çaýdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň sungat
ussatlary bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, behişdi bedewlerimizi wasp
edýän aýdymlar türkmen sungatynda aýratyn orna eýedir. Şeýle belent owazly
aýdymlaryň Ýewropanyň merkezinde ýaňlanmagy dabaralaryň şowhunyny has-da
belende göterdi hem-de ýurdumyz tarapyndan guralýan bu çärelere gatnaşýan
daşary ýurtly tomaşaçylar üçin özboluşly sowgat boldy.
Öz gezeginde, ýurdumyzyň sungat ussatlary Gahryman
Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize türkmen sungatyny tutuş dünýäde
wagyz etmekde durmuşa geçirýän işleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin
döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan
etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp,
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowany ýaş toýy bilen tüýs ýürekden
gutlady.
“Jemal bagşy, ynha, çet ýurtda Siziň ýaş toýuňyzy
hemmämiziň adyndan gutlamak nesip etdi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda baý
many-mazmunly ajaýyp aýdymlaryňyz bilen halkymyzyň uly hormatyny gazandyňyz.
Aýdym-saz sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirdiňiz. Birnäçe
döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolduňyz. Siz döwlet
derejesindäki baýramçylyk konsertlerine gatnaşyp, halypa-şägirtlik ýoluny
ösdürip, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýarsyňyz” diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy hem-de A.Nurmuhammedowany ýene bir gezek ýaş toýy bilen gutlap, oňa berk
jan saglyk, uzak ömür, owazynyň mundan beýläk-de belentden ýaňlanmagyny,
geljekde hem kämil aýdym-saz eserleri bilen Watanymyzy wasp etmekde täze
üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nurmuhammedowa ýaş toýy
mynasybetli gutlaglary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi
hem-de döredijiligine Milli Liderimiziň şeýle ýokary baha bermeginiň özi üçin
uly mertebedigini we hormatdygyny aýtdy. A.Nurmuhammedowa mümkinçilikden
peýdalanyp, türkmen aýdym-saz sungatynyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy ugrunda
edýän tagallalary we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň ussat aýdymçysy S.Tülegenow
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Jemal bagşy” atly aýdymy ýerine
ýetirdi. Munuň özi ýurdumyzda sungat ussatlaryna goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň
beýany boldy.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Mejlise Gahryman Arkadagymyzyň hut
özüniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrdy.
Ilki bilen, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
ýolbaşçysy hanym Marian Weltewreden çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzy we
mejlise gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de mejlisi açyk diýip yglan etdi.
Marian Weltewreden çäräniň möhüm ähmiýetini belläp,
taryhda ilkinji gezek ahalteke atlarynyň gözelligi boýunça dünýä çempionatynyň
Ýewropada geçirilendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ilkinji gezek atşynaslar,
alymlar we çapyksuwarlar iň owadan aty bilelikde, bir meýdançada yglan etmek
üçin dünýäniň çar künjeginden — Türkmenistandan, Merkezi Aziýa döwletlerinden,
Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan bir ýere ýygnandylar. Şeýle hem Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ilkinji gezek Ýewropada
geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen 2010-njy ýylda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy
döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda halkara derejeli
atçylyk sport toplumlary, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäherinde
bolsa tutuş Merkezi Aziýada genetika we molekulýar biologiýa ylymlarynyň
tohumyň arassalygyna hyzmat edýän bu ugur boýunça ilkinji ýokary okuw mekdebi
bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bina edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen,
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Topar 2025-nji ýylda
Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna
mynasyp boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň
buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da»
atly kitaplary daşary ýurtly atşynaslar üçin hem hakyky okuw gollanmasyna
öwrüldi. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa ahalteke atçylyk sungaty we atlary
bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy
Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň bütin dünýäde şöhratynyň artdyrylmagynda
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp,
çykyş etmek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat bilen söz berdi.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary mähirli
mübärekläp, türkmen tarapynyň Niderlandlara — şu ajaýyp şähere halkymyzyň
hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan
Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp gelendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz Niderlandlaryň Patyşasy
Willem-Aleksandra we onuň maşgala agzalaryna hem-de Niderlandlaryň ähli halkyna
myhmansöýerligi we mähirli kabul edendigi üçin iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Premýer-ministr Rob Ýettene Türkmenistan
bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigi üçin
minnetdarlyk bildirip, häzirki mejlisiň we atçylyk sporty boýunça dünýä
çempionatynyň hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň
munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi hem-de bu çärä ýokary derejede
taýýarlyk görendikleri, türkmen tarapy bilen bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlygy
üçin onuň guramaçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
“Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary
bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň
bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli
ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde
boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz dünýäde
bu atlara uly hormat goýýan şeýle adamlaryň köpdügini bilýändigini, olaryň
Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň onlarça ýurduny öz içine
alýandygyny, olaryň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de
kämilleşdirmek boýunça köp sanly möhüm işleri alyp barýandyklaryny, bedewleriň
şöhratly taryhyny, ajaýyp başarnyklaryny ýaýmakda ýardam berýändiklerini
belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan türkmen
tarapynyň bütin dünýädäki dostlaryna hem-de pikirdeşlerine tüýs ýürekden
minnetdarlygyny beýan etdi.
“Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä
dolan döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly
jogapkärçilige düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde
taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe
bolandan soňra ahalteke atlarynyň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde
biz, ozaly bilen, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk”
diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly, esasy döwlet
nyşanymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke bedewiniň
şekili ýerleşdirildi. Ahalteke atlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi, olaryň
saglygyna we ösüşine gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi. Ylmy taýdan
esaslandyrylan seçgi işi ýola goýuldy. Munuň özi diňe bir örän möhüm döwlet işi
bolman, eýsem, halkymyzyň öz taryhynyň öňündäki borjudyr, ýurdumyzyň geljekki
ösüşi, öňe gitmegi we halkara hyzmatdaşlygy üçin berk binýadyň bir bölegidir.
Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda Türkmenistanda
ahalteke atçylygy ulgamynda uly işleriň ýerine ýetirilendigini aýdyp, şunuň
bilen baglylykda, birnäçe mysallary getirdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi.
Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dünýä derejeli we
ähmiýetli ylmy-tejribe merkezine öwrüldi; atlaryň arassa ganlylygyna berk
gözegçilik etmek üçin, öňdebaryjy DNK-testlemek usuly ornaşdyryldy. Elektron
maglumat binýady döredildi; ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasy öz işini yzygiderli ösdürýär. Ol dünýäniň
onlarça ýurdundan atşynaslary özünde birleşdirýär; ahalteke atçylyk sungatynyň
we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegi möhüm waka boldy; 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň
Prezidenti ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň
gününe bagyşlap her ýyl «Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini
geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda
ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik yglan
edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri munuň bu ugurda edilen we edilýän işleriň
hemmesi däldigini, umuman, ahalteke atlaryny gorap saklamak we ösdürip
ýetişdirmek işiniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigini
aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy
giňeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň strategiýasynyň örän möhüm, düýpli ugry
bolup durýar.
Şu günki mejlise dünýäniň onlarça döwletine wekilçilik
edýän, ahalteke atlarynyň köp sanly assosiasiýalarynyň wekilleri ýygnandy.
Şunuň bilen baglylykda, muňa giň möçberli halkara waka diýmek bolar. Bu
gatnaşyklar has-da berkeýär, täze gatnaşyklar we görnüşler bilen baýlaşýar.
Ahalteke bedewleri dürli milletlerden bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky
adamlary birleşdirýär. Öňde goýlan maksatlara tarap bilelikde gitmäge çagyrýar.
Ahalteke atlary wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň we gaýduwsyzlygyň
nusgasydyr. Bularyň ählisi hemme halklara ýakyn we düşnüklidir.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky
halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýandygyny we goldaýandygyny aýdyp,
ýurdumyzyň ahalteke bedewlerine, atly sport ýaryşlaryna bagyşlanan dürli
çäreleri geçirmäge öz goşandyny goşmaga, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag işine ýardam
bermäge we ýakyndan gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
“Biziň bu ýolda uly üstünlikleri gazanandygymyzy
aýtmak isleýärin. Ahalteke bedewleriniň giň gerimli milli hem-de halkara
çärelere gatnaşmagy ýokary baha mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň
başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol
Karara laýyklykda, 2026-njy ýylda Ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek
gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek
boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Bu
bolsa Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde we
pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy
hem-de şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen nobatdaky halkara sirk
festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna
goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropanyň Sirk
assosiasiýasynyň halkara güwänamalarynyň gowşurylmagynyň ajaýyp waka
bolandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň adyna bagyşlanan çäreleriň
çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň çykyşlary guraldy. «Galkynyş» toparynyň şu ýylyň mart aýynda
Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy hakyky dostlugyň we
sungatyň baýramçylygyna öwrüldi, ol türkmen atçylygynyň baý däplerini görkezdi.
Behişdi bedewler we olaryň çapyksuwarlary maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň
Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda we «Gündogaryň merjeni»
gözellik bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä
çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp boldular.
Şol aýda Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly
orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar. Ahalteke atlarynyň hormatyna
döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny
görkezdiler.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz türkmen
wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen
Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly çärelere
gatnaşandygyny belläp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň VIII
Halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagynyň şu ýylyň ýylýazgysyna
giren ýene-de bir şanly waka bolandygyny, Türkiýe Respublikasynyň Stambul
şäherinde geçirilen bu çärede «Galkynyş» toparynyň ýokary baýraklara mynasyp
bolandygyny we bu çäreleriň dowamynda türkmen wekiliýetiniň öz kärdeşleri bilen
birnäçe möhüm duşuşyklarynyň geçirilendigini aýtdy.
“Biz bütin dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary
bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýäris. Şeýlelik
bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünlikli durmuşa
geçirýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň geljekde hem
öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýardygyny
tassyklady. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda
köp sanly dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň, şol sanda şu
mejlise gatnaşýanlaryň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr.
2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we
ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke
bedewleriniň halkara abraýyny we şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup
durýar. Ol bolsa Ýewropanyň iň abraýly atly sport merkezleriniň biri bolan
Kronenbergde geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz mejlise
gatnaşyjylary bu çäreleriň başlanmagy we Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň häzirki açyk mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden
gutlap, halkara derejede giň we wekilçilikli düzümiň gatnaşýandygy üçin
minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň muny dünýä ahalteke bedewlerini
sowgat beren Türkmenistana, halkymyzyň gadymy, baý hem-de özboluşly taryhyna we
medeniýetine goýulýan hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň ahyrynda hemmelere berk
jan saglygyny, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy
Marian Weltewreden çuň manyly we mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza
tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, açyk mejlisi alyp barmagy haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz Ýewropa ahalteke atçylyk
assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, mejlisi alyp barmak bilen,
çykyş etmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň
gubernatory Emil Roemere söz berdi.
Emil Roemer Milli Liderimizi we açyk mejlise
gatnaşyjylary Limburg welaýatynda mähirli mübärekläp, ahalteke atlarynyň
arasynda gözellik we atly sport boýunça bäsleşikleriň bu ýerde geçirilmeginiň
uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, atlar Limburgyň aýrylmaz
bölegidir. Atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň we atlaryň muşdaklarynyň jemlenen bu
ýeri halkara derejeli atçylyk sportunyň merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň bu
ýerden birnäçe müň kilometr uzakda ýerleşýändigine garamazdan, şu gün
Kronenbergde iki halkyň atçylyk bilen bagly medeniýeti, däpleri we tejribesi,
atlara bolan çuňňur söýgüsi we atly sporta goýýan sarpasy birleşýär. Çykyşynyň
ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Komissary — Limburg welaýatynyň gubernatory
Emil Roemer çäreleriň dünýäniň atşynaslarynda ýakymly täsir galdyrjakdygyny
aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşy üçin Emil Roemere
minnetdarlyk bildirip, atlaryň ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýandygyny
aýtdy hem-de dünýäde ilkinji gezek geçirilen Ahalteke bedewleriniň dünýä
çempionatyny «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda geçirmäge döredilen
mümkinçilikler üçin niderlandlar tarapyna minnetdarlygyny beýan edip, ahalteke
bedewleriniň üsti bilen iki ýurduň arasynda beýleki ugurlar boýunça
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygynyň
Döwlet ministri Ýan Peter Balkenendene söz berdi.
Döwlet ministri Gahryman Arkadagymyzy we açyk mejlise
gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň baý atçylyk däplerine we ady
rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlanan dabarada çykyş etmegiň özi
üçin uly mertebedigini belledi hem-de dünýäde atlary öz milli gymmatlygy
hökmünde ykrar eden ýurtlaryň örän seýrekdigini, Türkmenistanda atlara şeýle
çemeleşmäniň taryhy taýdan özboluşly ýagdaýdygyny aýtdy.
“Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik
bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde biz Türkmenistanyň gadymy däpleri,
taryhy, milli mirasy hem-de halkara dostlugyň we birek-birege sarpa goýmagyň
köprüsine öwrülen ajaýyp dessurlary bilen tanşarys” diýip, Niderlandlar
Patyşalygynyň Döwlet ministri sözüni dowam etdi. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanda bolşy kimin, Niderlandlarda hem atlara uly sarpa goýulýar.
Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä
çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi
hem ýurduň halkyny diýseň buýsandyrýar.
Türkmen medeniýetinde bolşy ýaly, beýleki
medeniýetlerde hem atlar diňe bir güýji we tizligi alamatlandyrman, ol
gözelligiň, milli buýsanjyň we mertebäniň hem nyşanydyr. Atlar asyrlaryň
dowamynda adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Olar syýahatçylaryň,
alymlaryň esasy ulag serişdesi hökmünde medeniýetleri baýlaşdyrmaga, halklary
birleşdirmäge we abadançylygy döretmäge goşant goşupdyrlar, söwda ýollarynyň
hereket etmeginde möhüm orny eýeläpdirler.
Türkmenistan hemişe söwda ýollarynyň merkezinde
bolupdyr. Geçen asyrlarda hem, häzirki döwürde hem Türkmenistan Gündogar bilen
Günbataryň arasyndaky möhüm merkez bolmagynda galýar. Söwda ýollarynyň uzak
aralyklardaky ykdysadyýetleri birleşdirişi ýaly, sport hem halklary bir ýere
jemleýär. Şu gün bu ýerde geçirilen bäsleşikler bizi has-da ýakynlaşdyrýar. Bu
çäreleriň ähmiýeti diňe bir sport bilen çäklenmeýär. Olarda adamzadyň asylly
häsiýetleri bilen bir hatarda, tebigata söýgi hem öz beýanyny tapýar diýip, Ýan
Peter Balkenenden nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Döwlet
ministri ýurduň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we medeniýetara alyşmalary
işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, medeni we sport çäreleriniň
halklary hem-de ýurtlary özara ýakynlaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlaryna ýokary baha
berendigi hem-de bu dünýä çempionatyny geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin
niderlandlar tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkymyzda
“Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “At — myrat” diýen pähimleriň
bardygyny aýdyp, atşynaslyk medeniýetiniň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga
ýardam berýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň ýol çekmek,
köpri gurmak ýaly asylly däpleriniň bardygyny aýdyp, bu asylly işleriň
ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýetini belledi we çykyşy
üçin Döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz soňra Ýewropa we Demirgazyk Amerika
ÝUNESKO klublarynyň we assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy Ioannis
Maronitise söz berdi. Ol Kronenbergde bolmagyň hem-de bu möhüm çärä gatnaşmagyň
özi üçin mertebedigini belläp, halkara hyzmatdaşlygyň, medeni dialogyň we umumadamzat
gymmatlyklaryna sarpanyň aýdyň beýany bolan bu çäräniň geçirilmegi ugrunda
döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ioannis Maronitis çykyşynda Aleksandr Makedonskiniň
taryhy ýörişlerinde ýoldaşy bolan meşhur Busefal atly aty barada belläp, gadymy
rowaýatlara görä, Busefalyň örän güýçli hem-de boýun egmezek at bolandygyny,
ýöne Aleksandr Makedonskiniň onuň ynamyny gazanmagy başarandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Busefalyň taryhy bize uly sapak berýär: hakyky güýç agalyk
etmekde däl, eýsem, düşünişmekdedir. At bilen bolan gatnaşyk diňe hormat, söýgi
we ynam esasynda guralýar.
Bu gadymy grek taryhy ajaýyp ahalteke bedewleriniň
watany bolan Türkmenistan bilen berk köprini döredýär. Ahalteke bedewi
gözelligiň, çydamlylygyň, batyrlygyň we milli buýsanjyň nyşanydyr. Ol diňe bir
at däl, eýsem, türkmen halkynyň taryhynyň, ruhunyň we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Gresiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň dilleri
hem-de däp-dessurlary dürli hem bolsa, iki halky birleşdirýän bir umumy dil bar
— ol hem atçylyk medeniýetidir. Atlar Gresiýa bilen Türkmenistanyň, Gündogar
bilen Günbataryň, geçmiş bilen geljegiň arasyndaky iň gözel köprüleriň biridir.
Ýewropa we Demirgazyk Amerika ÝUNESKO klublarynyň we
assosiasiýalarynyň federasiýasynyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda Gresiýa bilen
Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, şeýle
hem bäsleşiklere gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edip, şeýle giň gerimli çärä
gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan
etdi.
Milli Liderimiz manyly çykyşy üçin Ioannis Maronitise
minnetdarlyk bildirdi hem-de ÝUNESKO-nyň ahalteke atlary bilen bagly alyp barýan
işiniň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu
ajaýyp bedewleriň häzirki wagtda hem halklaryň arasynda dostlugy, özara
düşünişmegi we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp,
şunuň bilen baglylykda, Isgender Zülkarneýniň Busefal atly ahalteke aty
baradaky rowaýaty gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, rowaýatlarda Isgender
Zülkarneýniň Busefal atyna guwanandygy we bu aty bilen Nusaý Patyşalygyna
gelende, türkmen gojasynyň akyl-paýhasyna haýran galandygy barada aýdylýar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ispaniýa
Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Blanka de
Toledo söz berdi. Ol türkmen halkynyň Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylary
mähirli mübärekläp, halkara ähmiýetli çärede Ispaniýa Patyşalygyna hem-de
Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly
hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke aty diňe bir özboluşly baýlyk we
owadanlygyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň köpasyrlyk
taryhynyň, medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň gözelligi,
çydamlylygy, akyllylygy we adam bilen ajaýyp arabaglanyşygy ahalteke bedewini
dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur etdi.
Blanka de Toledo ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasy
tarapyndan geljekde hem ahalteke atynyň Ispaniýada we tutuş Ýewropada
meşhurlygyny artdyrmak ugrunda degişli işleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini
aýdyp, bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem ol Ispaniýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň adyndan ahalteke
atçylygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi hem-de
goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyza aýratyn hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş üçin hanym Blanka
de Toledo minnetdarlyk bildirip, onuň dünýäde ahalteke atlarynyň abraýyny
artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisi jemläp, onuň
guramaçylyk meseleleri barada aýtdy we ahalteke atlarynyň arasyndaky dünýä
çempionatyny her bäş ýyldan geçirmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň teklibi
mejlise gatnaşyjylaryň giň goldawyna eýe boldy.
Soňra Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
ýolbaşçysy Marian Weltewreden çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän assosiasiýasynda
ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan adamlara hemişe ýokary baha
berilýändigini we olaryň ykrar edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ol
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atçylygyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandyny
belledi. Türkmen bedewiniň milli baýramy, her ýyl geçirilýän halkara maslahatlar,
gözellik bäsleşikleri we sergiler — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň möhüm
başlangyçlarynyň hem-de tаgallalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman
Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri barada ýazan kitaplary bütin dünýäniň
atşynaslaryna bu özboluşly tohumyň taryhyny, özboluşlylygyny çuňňur öwrenmäge
ýardam berýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa
türkmen halkynyň bu gadymy sungatyny bütin dünýä meşhur etdi.
Marian Weltewreden ahalteke atlarynyň arasynda şeýle
uly dünýä çempionatynyň Ýewropada ilkinji gezek geçirilýändigini belläp, şu
taryhy waka bilen baglylykda, Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
Gahryman Arkadagymyzy “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly baýrak
we degişli Kubok bilen sylaglamak kararyna gelendigini aýtdy we bu sylaglary
Milli Liderimize gowşurdy.
Gahryman Arkadagymyz «Atçylygy ösdürmäge goşan uly
goşandy üçin» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagynyň uly hormatdygyny aýdyp,
bu ýokary sylagyň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, dünýä meşhur ahalteke
atlarynyň mekany bolan Türkmenistana goýulýan hormatyň we minnetdarlygyň nyşany
bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleriniň
gadymy taryhy biziň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenler halk
we döwlet hökmünde uly we köpasyrlyk ýoly geçdi. Ahalteke bedewleri şatlykly we
kyn pursatlarda türkmenleriň hemişe wepaly dosty, ýoldaşy, daýanjy we buýsanjy
hökmünde ýanynda boldy. Dünýäde şunuň ýaly örän ýakyn, uzak döwürlerden gelýän,
hakyky ajaýyp sazlaşygyň mysalyny tapmak kyn.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň geljekki
ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy
bolup durýandygyna ynam bildirip, häzirki döwürde munuň üçin ähli
mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
“Diňe bir Türkmenistanyň tagallasy bilen däl, eýsem,
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmek üçin
ahalteke atçylygyny ösdürmegi möhüm hasap edýärin. Häzirki wagtda anyk
strategiýany işläp düzmek, ýakyn onýyllykda ahalteke atçylygyny ösdürmek
boýunça esasy ugurlary kesgitlemek biziň baş wezipämiz bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, “Pilbergen” ýaly şeýle hünär klasteriniň binýadynda dünýä
bäsleşiginiň geçirilmegi mundan beýläk-de biziň maksadymyzy aýdyň görkezýär”
diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi we şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, ilkinji nobatda, dünýä atçylyk
sportuna gatnaşmagy giňeltmek möhümdir. Şunda esasy maksat ahalteke atlarynyň
Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagydyr. Munuň üçin baş öwretmegiň we konkuryň
halkara standartlary esasynda ýaş atlary taýýarlamak boýunça maksatnamalary
işläp düzmek, şeýle hem biziň tohum atlarymyza degişliler üçin iri halkara
baýraklary döretmek zerurdyr.
Şeýle hem «ýaşyl” diplomatiýany we ekosyýahatçylygy
ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy
ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy dünýä syýahatçylygynyň täze bir görnüşi
bolup biler.
Şunuň bilen bir hatarda, Gahryman Arkadagymyz
weterinar ylmyna maýa goýmagyň, özboluşly genomy öwrenmek üçin halkara barlag
grantlaryny döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Kronenbergde
geçirilýän çäre köp ýurtlardan assosiasiýalary bir ýere jemledi. Bu bolsa
ahalteke atlaryny söýüjileriň, bu ugurdaky hünärmenleriň, pikirdeşleriň
arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Halkara
assosiasiýalar derejesinde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn ugurlaryny döretmegiň
zerurdygyny aýtdy hem-de olaryň arasyndan aň-bilim we barlag işlerini
utgaşdyrmagy, anyk taryhy materiallary we maglumatlary alyşmagy teklip etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewlerine bagyşlap köpçülikleýin
habar beriş serişdelerinde, telewideniýede, dokumental esasda, sanly
çeşmelerde, çap ediş önümi görnüşinde döredijilik eserlerini döretmegiň
meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmegiň üstünde oýlanmagyň
maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de ahalteke bedewiniň bitewi genetik
bankyny, ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek başlangyjyna seretmegi
teklip etdi.
Gahryman Arkadagymyz tagallalary we mümkinçilikleri
birleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň bu işi goldamaga, maslahat
beriş, usulyýet ýardamyny etmäge, arhiw we beýleki materiallary bermäge
taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke
atlary bilen baglanyşykly işleriň ýene-de bir möhüm kesgitleýji ugruna ünsi
çekip, ahalteke atlarynyň diňe bir türkmenleriň buýsanjy däl-de, türkmeniň
döwletliliginiň, garaşsyzlygynyň, ähli halklar bilen dostluga we özara
düşünişmäge açykdygynyň nyşanydygyny belledi.
“Biz dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy bolan
döwlet hökmünde, beýik medeni we taryhy mirasyň eýeleri hem-de ony dowam
etdiriji halk hökmünde ýokary ynsanperwer maksatlaryň hatyrasyna adamlaryň
birleşmegine ýardam bermegi öz wezipämiz hasap edýäris. Bu wezipäni ýerine
ýetirmekde ahalteke atlaryna mynasyp orun berýäris. Goý, onuň çalasyn asylly gadam
urşy parahatçylyga we dostluga, özgerişiň we gülläp ösüşiň belentliklerine ýol
açsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýokary sylag üçin ýene-de bir
gezek minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Milli Liderimiz Kronenberg şäheriniň
ýolbaşçylaryna myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, çäreleri üstünlikli
geçirmäge goşan uly goşantlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz «Iň owadan bezelen at»
bäsleşiginiň geçirilýän ýerine geldi. Şeýle halkara çäreleriň Ýewropa yklymynda
geçirilmegi dünýä ýurtlarynyň halklaryny ýakynlaşdyrmaga kuwwatly itergi
berýär. Dünýä çempionaty diňe bir abraýly sport çäresi bolmak bilen çäklenmän,
eýsem, türkmen halkynyň baý medeniýeti, dünýä beren milli gymmatlyklary,
däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Ýaýbaňlandyrylan çärelerde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň many-mazmuny täsirli beýan
edilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan, atçylyk boýunça halkara düzümlerden bolan
eminler topary atlaryň beden gurluşyna, reňk aýratynlygyna we meýdançada özüni
alyp barşyna baha berdiler.
Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň 250-den
gowrak görnüşi bolup, ahalteke bedewleriniň medeni atçylygy ösdürmekde halkara
ähmiýete eýe bolan arassa ganly, naýbaşy at tohumlarynyň ilkinji üçlüginde orun
alýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi ata-babalarymyzyň asyrlaryň
dowamynda kemala getiren milli gymmatlygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň beýany bolup durýar.
Behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy
nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň
täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy. Ahalteke bedewlerine mahsus
bolan tyllaýy öwüşgin, olaryň owadan keşbi, ýyndamlygy, gujur-gaýraty we
çydamlylygy öz işlerini sungat derejesine ýetiren tutanýerli seýisleriň,
atşynaslaryň köpýyllyk irginsiz zähmetiniň miwesidir. Tutuş dünýäde ahalteke
bedewleriniň şan-şöhraty barha belende göterilýär. Ähli döwürlerde-de bu
bedewler ajaýyp keşbi bilen islendik adamy haýran galdyryp bilipdir.
Gözellik bäsleşiginde eminler tarapyndan gelnen
çözgüde görä, dünýä çempionatynyň ýeňijisi yglan edildi. Meýdança Fransiýadan
gelen A.Martinesiň hojalygyna degişli Ýyndam atly gara reňkli at çykaryldy.
“Absolýut çempion” diýen ada eýe bolan bu aty uly şowhun bilen garşyladylar we
onuň şanyna dürli älemgoşar öwüşginli ajaýyplyklar emele geldi. Bu pursatlar
ýatdan çykmajak görnüşleri döretdi.
Soňra “Pilbergen” atçylyk-sport toplumynyň “Maya
delorez” meýdançasynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä
çempionatynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem-de konsert guraldy. Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyz uly şowhun bilen garşylanyldy.
Dabarada Gahryman Arkadagymyza uly hormat bilen söz
berildi.
Milli Liderimiz şu gün Gündogaryň rowaýaty we türkmen
halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewine bagyşlanan dünýä çempionatynyň
jeminiň jemlenýändigini belläp, munuň dünýä atçylygynyň taryhynda möhüm wakadygyny
aýtdy. Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewi diňe bir gözelligiň, ýyndamlygyň we
çydamlylygyň nyşany bolman, eýsem, köpasyrlyk taryhymyzyň janly ýadygärligidir,
wepaly ýoldaşymyzdyr. Häzirki wagtda biz ahalteke bedewiniň halklary, yklymlary
we medeniýetleri birleşdirýändiginiň şaýady bolýarys.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ahalteke bedewini
dünýäde giňden wagyz etmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge we bu ugurda halkara
gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli goldaýandygyny
belläp, şu günler Kronenberg şäheriniň dünýä ahalteke atçylygynyň paýtagtyna,
dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilen 80-den gowrak ajaýyp ahalteke
bedewleriniň bolsa halkara çäräniň bezegine öwrülendigini aýtdy. Nygtalyşy
ýaly, çempionatyň çäklerinde geçirilen gözellik bäsleşigi we atly sport
ýaryşlary ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, düşbüligini we ukybyny aýdyň
görkezdi.
Häzirki dünýä çempionaty sungat ussatlaryny hem bir
ýere jemledi. Geçirilen döredijilik bäsleşiginde suratkeşler, heýkeltaraşlar,
fotosuratçylar ahalteke bedewiniň gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezdiler.
Şeýle-de atlaryň şaý-sepleriniň hem-de atçylyga bagyşlanan türkmen halylarynyň
sergisi we sergi-ýarmarka ýokary derejede geçirildi. Türkmen artistleriniň we
dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolsa
baýramçylyk şowhunyny döretdi.
Gahryman Arkadagymyz çempionatyň çäklerinde geçirilen
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň, şeýle hem ahalteke
bedewlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň aýratyn möhüm ähmiýete eýe
bolandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, Niderlandlar Patyşalygynyň
hökümetine we halkyna myhmansöýerligi hem-de bu taryhy çäräni geçirmäge mümkinçilik
döredendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýeňijilere we baýrakly
orunlara mynasyp bolanlara ýüzlenip, olaryň gazanan üstünlikleriniň ahalteke
bedewine bolan çäksiz söýgini, çeken ägirt uly zähmetini görkezýändigini aýtdy
hem-de olara alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri, täze ýeňişleri arzuw
etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti
hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, ýaryşyň ýeňijisine baş baýragyň —
«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony» diýen «Gran-pri» baýragynyň
gowşurylýandygyny aýdyp, bu ajaýyp we owadan bedewiň eýesini şeýle ajaýyp ýeňiş
bilen gutlady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Halkara ahalteke atçylyk
bileleşigine agzybirlik, rowaçlyk we täze ýeňişleri arzuw etdi.
Soňra bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
«Ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempiony — 2026»
atly bäsleşigiň ýeňijisi dabaraly ýagdaýda yglan edildi. Niderlandlar
Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen atly sport we gözellik
bäsleşikleriniň dünýä çempionatynyň ýeňijisi, “Absolýut çempion” diýen ada we
«Dünýä çempiony» baýragyna Fransiýadan A.Martinesiň Ýyndam diýen gara reňkli
aty mynasyp boldy.
Ýeňijä Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň
adyndan iň häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
A.Martines awtoulagyň açaryny ýüzüne sylyp kabul etdi.
Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga un sepildi hem-de
alaja daňyldy.
Ýeňiji şeýle ýokary sylaga mynasyp bolmagyň öz
durmuşynda ýatdan çykmajak wakadygyny belledi hem-de atşynaslyk pudagyna berýän
ünsi, döredilýän hemmetaraplaýyn şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
«Ýaş atlaryň çempiony» atly bäsleşikde Halkara
ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen bedewi ýeňiji boldy. Bu bedew
10 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp
boldy.
“Ýewropanyň iň gowy bedewi” bäsleşiginde bu ada Fransiýa
Respublikasyndan hususy atşynas A.Beýliniň Agana Şael diýen aty mynasyp boldy.
Ýeňijä 10 müň ýewro möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy
gowşuryldy.
“Iň owadan bezelen at” atly bäsleşikde Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan mele reňkli Toýly atly
bedew ýeňiji boldy we 5 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň
kubogyna eýe boldy.
Soňra ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik
bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi.
1 we 2 ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen
gözellik bäsleşiginde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli
Jerengözli diýen bedew ýeňiji diýlip yglan edildi we bu bedew 3 müň ýewro
möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
3 ýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Halkara
ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at ýeňiji bolmagy başardy.
Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna
mynasyp boldy.
3 we 4 ýaşar bedewleriň arasynda geçirilen gözellik
bäsleşiginiň ýeňijisi adyna fransiýaly S.Plaýiniň hojalygyna degişli
Ming-de-Ahal atly at mynasyp boldy. Bu bedew 3 müň ýewro möçberindäki pul
baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna eýe boldy.
5 we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen
bäsleşikde Ukrainadan B.Mamelekowyň hojalygyna degişli Ýagşyja — Owadan atly
bedew ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň
kubogyna mynasyp boldy.
Atyň owadan hereketi üçin (dressaž) bäsleşiginde
ukrainaly atşynas Liliýanyň Bady-Saba diýen aty ýeňiji boldy. Ol 3 müň ýewro
möçberindäki pul baýragyna hem-de bäsleşigiň kubogyna mynasyp boldy.
Konkur bäsleşiginde bolsa Türkmenistanyň Milli atly
sport merkeziniň türgeni Yhlas Çopanow ýeňiji boldy. Ýeňijä 3 müň ýewro
möçberindäki pul baýragy hem-de bäsleşigiň kubogy gowşuryldy.
Soňra ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde
heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň we fotosuratçylaryň
arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp etmek boýunça halkara döredijilik
bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
Atlaryň gözelligini heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça
bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy P.Patdykow
ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Atlaryň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek
boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy
A.Atahanow ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul
baýragyna mynasyp boldy.
Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek
boýunça bäsleşikde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň esasy hünärmeni
O.Amanjaýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki
pul baýragy gowşuryldy.
Atlaryň gözelligini fotosurat eserlerinde wasp etmek
boýunça bäsleşigiň ýeňijisi ukrainaly fotosuratçy W.Osowskiý boldy. Oňa 1 müň
500 ýewro möçberindäki pul baýragy gowşuryldy.
Atlary şaý-sepler bilen bezemek boýunça zergärçilik
eserleriniň arasynda bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň
mugallymy A.Sähedow boldy. Ýeňijä 1 müň 500 ýewro möçberindäki pul baýragy
gowşuryldy.
Ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä
çempionatynyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary
“Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan” atly baýrak bilen sylaglanyldy.
Halkara bäsleşigiň ýeňijileri özleriniň zähmetine
berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ahalteke atlarynyň
dünýädäki şöhratyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda geljekde hem zehinini we
ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem olar türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şeýle abraýly halkara bäsleşikleriň ýokary
derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyza Türkmenistan bilen
Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň nyşany hökmünde
friz tohumly at sowgat berildi.
Baýraklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra,
ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça
dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy. Oňa
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy medeni çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň
meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary ahalteke atlarynyň şanyna
guralan giň gerimli çäreleriň ajaýyp dowamy boldy. Konsertiň maksatnamasy
häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungaty bilen dünýä halklarynyň sungatynyň
arasynda ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.
Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän “Küştdepdi” dabaranyň
aýratyn bezegine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Rowaç» we
«Arzuw» atly aýdymlar asylly arzuwlaryň we maksatlaryň hemişe rowaç
tapýandygynyň owazy bolup ýaňlandy. Aýdymlaryň ýakymly owazy bilen ahalteke
bedewiniň sahnadaky sazlaşykly hereketleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir
döretdi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine
ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe,
jan Watanym Türkmenistan!» atly ajaýyp aýdym özboluşly sena bolup ýaňlandy.
Feýerwerkleriň we dron şüweleňleri dabaranyň ajaýyp pursatlaryna
öwrüldi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çärelere gatnaşan ýokary
derejeli myhmanlary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy
mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy we olar bilen mähirli hoşlaşyp, bu
ýerden ugrady.
Biraz wagtdan Milli Liderimiz Germaniýanyň Düsseldorf
şäherine geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
...Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz
Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary mähirli garşyladylar.
Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Gahryman Arkadagymyzy
Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de
Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy
üçin” atly baýragy we degişli Kubok bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs
ýürekden gutladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin
minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň halkymyzyň dünýä beren
gymmatlygydygyny belledi hem-de atşynaslyk sungatyny geljekki nesillere
ýetirmek ugrunda ylmy nukdaýnazardan çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy we özüniň
birnäçe maslahatlaryny berdi.
Şeýlelikde, Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen
ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty
türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň
şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň taryhy
üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
* * *
Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik
bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde Kronenberg şäheriniň «Pilbergen»
atçylyk-sport toplumynda türkmen atçylyk sungatyna, medeniýetine, çeper
döredijiligine we Ýewropanyň atçylyk pudagyna bagyşlanan serginiň hem guralmagy
dabaralaryň many-mazmunyny, täsirliligini artdyrdy.
Türkmenistanyň sergi pawilýonynda ahalteke atlaryna we
milli atşynaslyk pudagynyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan gymmatlyklar aýratyn
orun eýeledi. Hususan-da, pawilýonda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy, aýratyn-da, onuň naýbaşy nusgasy bolan
milli atşynaslyk sungatymyzyň geçen taryhy ýoluny we häzirki döwürde ýeten
sepgitlerini beýan edýän gymmatly eserleri ýerleşdirilipdir.
Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz atlaryň özboluşly
tohumyny ösdürip ýetişdiripdirler. Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi
bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň
biri hasaplanýar. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatyň we
adamyň akyl-paýhasynyň ajaýyp sazlaşygynyň, gözelligiň gaýtalanmajak nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly
kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň
aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän
atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna
düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi» diýlip bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallasy bilen, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä
dolýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp,
atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk
däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary
derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli
atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri
taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala
aşyrylýar. Munuň özi sergide ýerleşdirilen eserlerde öz beýanyny tapýar.
Türkmen medeniýetinde behişdi bedewler aýratyn orun
eýeleýär. Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly
önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda ahalteke bedewleriniň gözelligi
çeper beýan edilýär. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir
eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär.
Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn
ähmiýet berilýär. Olar pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň
şöhlelendirýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny
aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählumumy söýginiň, milli buýsanjyň hem
beýanydyr.
Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly
metallardan, daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen
baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Sergide görkezilýän bedew
esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar.
At esbaplary türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk medeniýetiniň aýrylmaz
bölegidir. Bu nepis işler ussat türkmen zergärleriniň özboluşly döredijilik
mekdebiniň bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk nusgadygyny tassyklaýar.
Bulardan başga-da, sergi pawilýonynda halkymyzyň
medeniýetini, köpugurly sungatyny, maddy medeni mirasyny beýan edýän
gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda nepis halylar, milli
lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine
degişli eserler bar. Gözelligi, nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriniň ajaýyp
sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň asylly ýörelgeleri,
milli aýratynlyklary, ruhy dünýäsi jemlenendir. Haly gölleriniň Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde
hem çuňňur many bar. Bu nyşanlar türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini alamatlandyrmak
bilen, ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyň, gazanylýan üstünliklere
buýsanjyň, nurana geljege ynamyň aýdyň beýanydyr. Gelin-gyzlaryň yhlasyndan,
zehininden dörän milli nagyşlardyr keşdeler bilen bezelen lybaslaryň her biri
özboluşly sungat eseridir. Milli keşdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy döwürden gözbaş alýan
medeni mirasymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýle hem sergide Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary
bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyň esasynda taýýarlanylan
milli tagamlar görkezildi. Ussat aşpezler myhmanlary milli tagamlary
taýýarlamagyň usullary bilen tanyşdyrdylar. Milli aşpezlik sungaty halkymyzyň
özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegidir. Myhmanlara türkmen tagamlaryndan dadyp
görmek mümkinçiligi hem döredildi.
Bu ýerde ak öýler dikilip, olaryň ýanynda
bagşy-sazandalar halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Halkymyzyň döreden
gymmatlyklarynyň hatarynda aýdym-saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. Gahryman
Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň baý medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym-saz sungatymyz täze derejelere göterildi.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň
aýdyň güwäsidir.
Türkmen toýuna mahsus çykyşlar hem ýerine ýetirildi.
Folklor toparlary türkmen halkynyň üme däp-dessurlaryny görkezdiler. Munuň özi
türkmen sungatynyň özboluşlylygynyň we žanrlarynyň köpugurlylygynyň,
däp-dessurlaryň dowamatlylygynyň beýanyna öwrülip, dabara gatnaşyjylarda
ýakymly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň sergi pawilýony bilen bir hatarda, bu
ýerde daşary ýurtlaryň hem sergi bölümleri bar. Olarda atçylyk ulgamynda
gazanylan üstünlikleri görkezýän gymmatlyklara hem-de atly sport esbaplaryna
orun berlipdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda ahalteke bedewleri parahatçylygyň ilçileri hökmünde halklaryň
we ýurtlaryň arasynda dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň berkidilmegine goşant
goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýylyň başyndan bäri
dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallara,
maslahatlara, çempionatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy türkmen
bedewleriniň şöhratyny has-da belende göterýär.
Soňra bu ýerde ýörite gurnalan manežde birnäçe abraýly
halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» topary diňe bir
ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Toparyň agzalary
dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara
mynasyp bolup, türkmen Tuguny belentde parladýarlar.
Geçen ýyl sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi
hasaplanýan Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda hem bu topar täsin
çykyşlary bilen Baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şu ýylyň
başynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty
festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna
goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk
assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ähmiýetini has-da
artdyran möhüm waka boldy. Toparyň agzalary şu ýyl Azerbaýjanda we Türkiýede
geçirilen çärelerde hem ussatlyk bilen çykyş etdiler.
«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda toparyň görkezen
çykyşlary ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Olarda çeýelik,
gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, çykyşyň
täsirliligini artdyrýar. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan
atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy
tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu bolsa toparyň agzalarynyň bu
sungatda ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Şeýlelikde, bu medeni çäreler türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň milli
medeniýetimizi ösdürmek, medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke
atlarynyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak boýunça asylly başlangyçlarynyň
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.