Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek
dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha
beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.
...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň
çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde
Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Täze şäheriň çäklerinde baýramçylyga
mahsus ýagdaý emele geldi. Sogap işe gatnaşýanlaryň ruhubelentligi, medeniýet
we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bu ýerde aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki
oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.
Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş
bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna,
bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel
tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny
berdi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi has-da baýlaşdyrmak, täze sungat
eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, Milli
Liderimiz ýurdumyzyň sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermäge
hemişe taýýardygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary
bilen türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň
dünýä çykmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň
mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar bilen at üstünde sazlaşykly hereket
eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde «Türkmenistan» ýazgyly,
bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny (şarf)
gowşurdy.
Sungat ussatlary, öz gezeginde, milli medeniýetimizi
ösdürmek babatda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly
Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, şeýle mümkinçiliklerden
netijeli peýdalanyp, türkmen sungatyny dünýä çykarmak, täze eserleri döredip, toý-baýramlaryň
şatlygyny artdyrmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda şanly seneleriň hormatyna
guralýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň dabarasyny belende götermekde,
halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda medeniýet we sungat işgärlerine möhüm
ornuň degişlidigini belläp, olara mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini
arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ählihalk
bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga bermek üçin niýetlenen ýere
geldi. Taryhy ähmiýetli waka gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti
bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga
bermegini haýyş etdi. Şeýle hem ol hormatly Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik
surata düşmegini haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky
möwsümiň ilkinji bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga
berdi.
Çärä gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagymyzyň
göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen bag nahallaryny ekmäge girişdiler.
Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam
edýän pursatlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti
O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan
beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda maslahatlaryny berdi. Milli
Liderimiz döwletli işe dahylly bolýan, saglygyny dikeldip, bu gün bagtyýar
durmuşyň hözirini görýän çagalara buýsanýandygyny aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine
aýratyn üns berip, şunda gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp
barylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Arkadag şäherinde
ekologik ýagdaýyň ýokary derejede saklanmagy, ekilen baglara talabalaýyk idegiň
ýola goýulmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, türkmen
halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýakymly güýz gününde ählihalk bag
ekmek dabarasyny talabalaýyk alyp barmakda we bu ugurda ýaýbaňlandyrylan ähli
işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.