Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip
ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň
(ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi
mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli
gymmatlygy bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de
kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan
işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini
we gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de halkara derejede dünýä
ýaýmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryňyz Birleşen Milletler Guramasynyň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň hem-de
onuň ähli agza ýurtlarynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Ýakynda
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň
Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde
Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip
ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň
kabul edilmegi hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Alabaýlaryň tohumçylyk işini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek
itşynaslyk babatdaky giň gerimli işleriň esasy ugurlarydyr. Siziň
belleýşiňiz ýaly, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohum itleriniň
biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan
gözbaş alýan milli mirasydyr. Türkmen alabaýlary eýesine wepadarlygy,
batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň
aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu täsin jandar gadymyýetiň synagyndan
geçip, wepalylygyň, edermenligiň, batyrgaýlygyň nusgasy hökmünde
şu güne gelip ýetdi. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde
türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriniň
gurulmagy bilen, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş
alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Milli itşynaslyk mekdebiniň
iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak maksady bilen, Halkara
«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de onuň «Türkmeniň nusgalyk
alabaýy» žurnalynyň döredilmegi türkmen alabaý itleriniň şöhratyny
dünýä ýaýmakda täze tapgyr boldy. Siziň tagallalaryňyz bilen milli
buýsanjymyz bolan alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak,
olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz, Siz Halkara «Türkmen alabaý
itleri» assosiasiýasynyň Prezidenti hökmünde alabaýlaryň türkmen
halkynyň diňe bir kömekçisi, öý-ojagyň, emlägiň ygtybarly goragçysy
bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly
dostuna hem öwrülendigini belleýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda
her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň
baýramynyň bellenilmegi, bu baýram mynasybetli Halkara «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlisiniň, halkara ylmy maslahatyň,
halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini
şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde,
fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda bäsleşigiň
geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki
ornuny has-da şöhratlandyrýar.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen
türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak we ösdürmek, alabaý itleriniň
sanyny artdyrmak, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli
alyp barmak, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş
nesillere öwretmek, bu ugurda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde
özüni görkezen hünärmenleri höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň
at gazanan itşynasy» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly
atlaryň döredilmegi bu ugurda edilýän tagallalaryň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip
ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli
türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de
bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak,
ýurdumyzyň abadan durmuşynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine
durmuşa geçirýän beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.