Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň
hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji
orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji
tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak
we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli
mübärekläp, häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir gününiň şanly wakalara
beslenýändigini, şu gün hem ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde
möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan
özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini belledi.
Öz
çykyşynda bellenilişi ýaly, berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz
serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine
netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga,
halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa
geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.
Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz
guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy
gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň,
ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa
geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar
mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik
berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda
alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen
mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu
ýerden paýtagtymyza ugrady. Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary
Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.