milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy
Gahryman Arkadagymyz Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy
1 gün öň 48 Habarlar

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz gämi arkaly ýüzüşiniň dowamynda deňiz giňişliginde tertip-düzgüniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýan gämileri synlap, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.