30.11.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
26.09.2022 99 Habarlar

25-nji sentýabrda irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady.

Saparyň maksatnamasy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdürilmegine itergi berer.