milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyz gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
10.05.2025 225 Habarlar

Düýn – 9-njy maýda ýurdumyzda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çeken merdana weteranlar bilen hal-ahwal soraşdy hem-de olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de ýaşuly nesiller barada alada etjekdigini, bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanjakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe weteranlar baradaky aladanyň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, olar bilen yzygiderli duşuşyp, hal-ýagdaýlary bilen häli-şindi gyzyklanyp durmak babatda birnäçe maslahatlary berdi.