Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň
Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.
Mihael Harms Gahryman Arkadagymyzy german topragynda
ýene bir gezek mähirli mübärekläp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk
bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy
ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp,
Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal
Kansler Fridrih Mersiň Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine
ýetiriji direktory türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan
ahalteke atlarynyň tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedigini aýtdy. Niderlandlar
Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport
bäsleşikleri boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, Mihael Harms bu möhüm çärä gatnaşmaga çakylyk üçin Milli Liderimize
tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň
behişdi bedewlere goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşany bolan ajaýyp eserlerini
yzygiderli okaýandygyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy
esasynda ahalteke atlaryny bütin dünýäde wagyz etmekde we geljekki nesillere
ýetirmekde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we
myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Germaniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça netijeli
ösdürilýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň
Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň Türkmenistana amala aşyran
saparlarynyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady
ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini aýratyn
nygtady. Şunda saglygy goraýyş, oba hojalygy ulgamlarynda we beýleki pudaklarda
netijeli hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň
ençemesi uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş
ulgamyndaky türkmen-german hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekip, şu ýyl
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk desgalarynda
Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny
aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu döwrebap lukmançylyk merkezlerinde emeli aňyň
mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça germaniýaly hünärmenler bilen netijeli
hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz
pursatdan peýdalanyp, Mihael Harmsy ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna
gatnaşmaga çagyrdy.
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine
ýetiriji direktory çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, GFR-iň ähli
ulgamlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, Mihael Harms Arkadag şäherinde bina edilýän lukmançylyk
klasteriniň ähmiýetini belläp, german tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy
ösdürmäge we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we German
ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.