milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
04.08.2025 98 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gahryman Arkadagymyz garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Bu wekilçilikli maslahata gatnaşmak meniň üçin uly mertebedir» diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.