Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz
korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen
duşuşdy.
Duşuşygyň
öňüsyrasynda “CNPC-niň” ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy korporasiýanyň
wekilleri bilen tanyşdyrdy. Soňra bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy
boldy.
Daý Houlýan
belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Milli Liderimiz bilen
duşuşmagyň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasy üçin uly hormatdygyny belledi we şu
gezekki saparyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini tassyklaýan
taryhy waka bolup durýandygyny aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly
Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Daý
Houlýan Gahryman Arkadagymyzy we döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Nowruz
baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de “Açyk
gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen
dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyp,
deňhukuklylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli
döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň
tagallalaryny belledi.
Hyzmatdaşlygyň
häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň
dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “CNPC”
korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy
has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý
gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat,
tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Ýangyç-energetika
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz pudagynda özüni ýurdumyzyň
ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” möhüm ornuna ünsi çekdi.
Milli
Liderimiz şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň
hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara
ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň
dowamynda hormatly Arkadagymyz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz
ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň
nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa
iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan
bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şunda “Galkynyş” gaz
käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek babatda gazanylan ylalaşygyň wajyp
ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz
käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi netijesinde müňlerçe täze iş ornunyň
döredilendigini aýtdy.
Gahryman
Arkadagymyz sebit ähmiýetli taslamalara ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly
bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi.
“CNPC-niň”
ýolbaşçysy asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz
geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly ornuny
nygtap, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän
Türkmenistanda döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly
Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Daý Houlýan
Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän
korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli
çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz
korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan iki ýurduň
halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.