Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik geçirildi.
Russiýanyň
parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni
bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli
döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Walentina Matwiýenko Milli
Liderimiziň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň
ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize salamyny we rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny
ýetirdi.
Milli
Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň
Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň
Türkmenistanyň ozaldan gelýän hakyky dosty hökmünde döwletara dialogy
pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky
gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Bu
gatnaşyklar berk dostluk, özara hormat goýmak däplerine esaslanyp, ähli ugurlar
boýunça netijeli duşuşyklar we gepleşikler arkaly ösdürilýär. Söhbetdeşleriň
umumy pikirine görä, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli,
dostlukly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
Häzirki
wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy dialog, şol sanda ministrlikleriň we pudak
edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Parlamentara
hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler
yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeň
ösdürilýär, medeniýet, ylym, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk
pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli döwletara
gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de
üstünlikli dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.