Şu gün türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
geçirildi.
Gahryman
Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky
palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly
Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň
Türkmenistanda görnükli döwlet işgäri, parasatly syýasatçy, ilkinji nobatda,
ýurdumyzyň ozaldan gelýän ýakyn dosty hökmünde tanalýandygyny hem-de
hormatlanylýandygyny aýdyp, onuň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny
dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi.
Türkmenistanda Walentina Matwiýenkonyň halkara giňişlikde parahatçylygy
berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek, ählumumy gün tertibiniň möhüm
meseleleriniň çözgüdi babatda alyp barýan işlerine ýokary baha berilýär. Şunuň
bilen baglylykda, onuň dünýäde parlamentara dialogy ösdürmekde, ynsanperwer
gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda zenanlaryň işjeňligini
täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda eýeleýän aýratyn ornuna üns çekildi.
Walentina
Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa
Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak
däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Gahryman
Arkadagymyzyň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.
Söhbetdeşligiň
dowamynda Milli Liderimiz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň
Başlygy bilen her gezekki pikir alyşmalarynyň dowamynda türkmen-rus strategik
hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada
durlup geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini belledi
we ýurdumyzda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän forumlara, mejlislere,
duşuşyklara aýratyn üns berýändigi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk
bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň dialogyny, demografiýa meseleleri boýunça
maslahaty, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli
çäräni geçirmek başlangyjyny goldandygy üçin oňa hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreleriň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrar.
Gahryman
Arkadagymyz ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da
ösdürmekde ähmiýetini nygtap, ýurtlarymyzyň umumy taryhy mirasyny gorap
saklamaga, onuň syýasy-diplomatik, ykdysady we beýleki ugurlarda bar bolan
mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge binýat bolup hyzmat etmegine berýän uly ünsi
üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, RF-niň
Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň başlangyjy boýunça
geçirilýän GDA-nyň çäklerindäki “Hatyra otlusy”, “Modanyň Arkalaşygy” atly
halkara çärelere, maslahatlara, festiwallara, ýaşlaryň, zenanlaryň, ylym-bilim,
medeniýet, sungat meseleleri boýunça duşuşyklara türkmen wekiliýetiniň
gatnaşmagy Türkmenistanda bu başlangyçlara ýokary baha berilýändiginiň we
ýurdumyzyň bu çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gyzyklanma
bildirýändiginiň güwäsidir.
Milli Liderimiz
türkmen we rus dillerini öwrenmek, medeni mirasy gorap saklamak, baýlaşdyrmak,
Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny
ösdürmek üçin iki ýurduň çäginde hem amatly şertleri döretmek babatda
türkmen-rus gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer gün tertibini mundan beýläk-de
bilelikde ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman
Arkadagymyz Russiýada türkmen diline, edebiýatyna, sungatyna aýawly
çemeleşilýändigi we olaryň wagyz edilmegine berilýän goldawlar üçin
minnetdarlyk bildirdi hem-de öz gezeginde, türkmen tarapynyň Türkmen-rus
uniwersitetini döretmek, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze
binasynyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak ýaly ulgamda bilelikdäki
taslamalary dowam etdirjekdigini aýtdy. Russiýada Magtymguly Pyragynyň,
Türkmenistanda bolsa A.S.Puşkiniň, F.M.Dostoýewskiniň ýadygärlikleriniň
oturdylmagy türkmen we rus halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat
goýmaga esaslanýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Milli Liderimiz
özara dostlugy alamatlandyrýan taryhy wakalary we seneleri, döredijiligi bilen
ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşan şahsyýetleri
ebedileşdirmek ugrunda mundan beýläk-de bilelikde iş alnyp baryljakdygyny
belledi hem-de Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen ýene-de bir gezek
gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz pursatdan
peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny
beýan etdi.
Telefon arkaly
söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege
berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri,
iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly
söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.