Şu gün
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Özbegistanyň
Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak
ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan
durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw
etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň Türkmenistan
bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly tagallalaryna
ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny,
iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman
Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistanyň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bolan doganlyk Özbegistan
bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini
belledi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil
taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli
ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Döwletara gatnaşyklar açyklygy,
ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.
Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde netijeli
hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara
başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle
hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym-bilim
ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we
netijeli dialog ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň
kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Gahryman
Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek
gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin
dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Telefon
arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwletara dialogyň mundan
beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk
halkyna parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.