milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi
19 sagat öň 31 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

...Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň Owganystan bilen özara hormat goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň esasynda giň gerimli bilelikdäki taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Munuň özi goňşy ýurduň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.

Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dikuçarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherine bardy.

Milli Liderimiz Serhetabat şäherinden awtoulagda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bu möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin doga-dileg edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän yzygiderli goldawlary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň adyndan berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli beýik we tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gündelik iş lybasyny ýadygärlik sowgat hökmünde kabul etmegini uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Soňra Milli Liderimize uly hormat bilen söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz şanly waka mynasybetli dabara gatnaşyjylara taryhy çykyş bilen ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýetini belledi.

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň halkara derejede möhüm wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu senäniň türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny nygtady.

Goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi. Ine, bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer. Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy üçin edermen türkmen gazçylaryna, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.

Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradara söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary owgan topragynda mübärekläp, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahundyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolan TOPH taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu taslama diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň hem-de umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, bu taslama sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri bolup hyzmat edýär hem-de energiýa howpsuzlygyny, durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Bu gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge we müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, owgan tarapynyň TOPH taslamasyna diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl-de, eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjak möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, bu gaz geçirijiniň ugry bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, demir ýol, awtomobil ýollary, logistika merkezleri ýaly degişli infrastrukturalar dörediler. Munuň özi sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we energetika hyzmatdaşlygynyň bitewi ulgamyny döreder.

Owgan-türkmen gatnaşyklary dost-doganlyga, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar diýip, Abdul Gani Baradar aýtdy we owgan tarapynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi barada wideoşekiller görkezildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biriniň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny aýtdy.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlar hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly ähmiýetini aýratyn belledi.

Köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýärler. Amerikanyň «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalary ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

Gahryman Arkadagymyz bu halkara maslahat bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň hem gutlag iberendigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». «Şoňa görä-de, gujur-gaýratyny gaýgyrman, şunuň ýaly uly işleri bitirýän, taryhy taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan nebitgaz toplumynyň işgärlerine, aýratyn hem, edermen türkmen gazçylarymyza şöhrat, şöhrat, şöhrat!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Soňra Milli Liderimiz bu gaz geçirijiniň gurluşygynda ulanyljak täze satyn alnan kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren bu tehnikalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň turbalarynyň kebşirleýiş işleriniň geçirilýän ýerine bardy. Bu ýerde «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy H.Saparow alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň sentýabr aýynda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçiriji taslamasynyň gurluşyk işlerine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu gaz geçiriji taslamasynyň gurluşyk işleri bilen içgin gyzyklanyp, türkmen gazçylarynyň arasyna gelmegi we olaryň iş şertleri bilen tanyşmagy gazçy hünärmenleri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzdan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata bermegini haýyş etdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi sebit we dünýä ähmiýetli bu iri gaz taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy barada doga-dileg etdi.

Soňra Milli Liderimiz kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Şol pursat gaz geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişildi.

Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda toý sadakasy berildi.

Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden dikuçarda Mary şäherine ugrady.

Gahryman Arkadagymyzyň Mary şäherinden ugur alan uçary birnäçe wagtdan paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.