Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň
aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy
meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen
tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde
ýerleşýän Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly
depginde dowam edýär. Ikinji tapgyrda meýilleşdirilen desgalar häzirki zamanyň
ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda gurulýar.
Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyny,
Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny
üpjün edýär.
Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işler, bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygy, bezeg işlerinde
ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň ýokary
hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga
tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda
gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we önümçilik maksatly binalaryň
enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine degişli şekil taslamalary bilen
tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň
çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş
maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat
berdi. Bu ýerde şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we
işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly
binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň
enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek
ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin
tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her
biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk
reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Bu işlerde milli tejribä
daýanylmalydyr. Şunda binalaryň sütünleriniň, beýleki serişdeleriniň
sazlaşygyna zerur üns berilmelidir. “Aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň içki
bezeg işleri, onuň otaglarynyň, diwarlarynyň reňki häzirki zaman saglygy
goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi gurulýan dürli maksatly
binalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň özüne mahsus aýratynlyklarynyň
bolmagyny üpjün eder” diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli
ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina
galdyrmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini belläp, häzirki döwürde
binagärligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň usullarynyň döwrebap derejede
ulanylmalydygyny, olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp
barylmalydygyny aýtdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini
ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara
alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazow şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy,
aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň
depginleri, beýleki binalaryň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň
görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde mukaddes Oraza aýynyň
dowam edýändigini, bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, biziň
ýurdumyzda-da sogap işleriň berjaý edilýändigini belläp, Oraza aýynda agzaçar
sadakalarynyň berilmeginiň asylly däbe öwrülendigine ünsi çekdi. Milli
Liderimiz 15-nji martdan 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip
kesgitlenendigini belläp, hormatly ýaşulularyň, dili senaly enelerimiziň,
welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda
Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk
boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden
asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüler.
“Täze şäherde ähli gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün
edilmegi, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagy
häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir. Öňde durýan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa häzirki döwrüň wajyp talabydyr” diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň
birinji tapgyrynda bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş
jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň kesgitlenen maksatnama laýyklykda alnyp
barylýandygy, şäheriň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesiniň degişli ýagdaýda
saklanýandygy barada maglumat berdi. Şeýle-de häkim Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen
medeni-köpçülikleýin çäreleriň, giň möçberli dabaralaryň maksatnamasy barada
habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýlaryna ilaty
göçürip getirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda
raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny
belledi. Şeýle-de binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, sanly tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu işleriň hemmesi “Döwlet adam
üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň
talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu baradaky gürrüňi bowam edip, Gahryman
Arkadagymyz gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen
dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, guraljak
çäreleriň ýaş nesillerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan ajaýyp pursatlara
beslenmelidigini aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag
şäheriniň seýilgähiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi.
“Akylly” şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynda
bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna
hem üns bermelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze seýilgähiň çäklerinde
oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşendigini nazara alyp,
seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň özboluşly aýratynlygyna ähmiýet
berilmelidir. Milli Liderimiz parahat durmuşyň nyşany bolan boýny jaňly ineriň
yzyna tirkelen düýeleriň keşbinde milli gymmatlyklaryň, söwda kerwenlerine
degişli serişdeleriň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň
özünde seýilgähiň suw çüwdürimleriniň, dürli şekilleriň, bagy-bossanlygyň bu
künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny aýdyp, Gahryman
Arkadagymyz bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde oturdylan bedewleriň
şekillerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini
girizdi. Dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagyna
jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. “Her bir bedewiň şekiliniň reňk
aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, olara degişli ýazgylaryň
häzirki zaman ýörelgelerine kybap gelmegi wajyp talapdyr” diýip, Gahryman
Arkadagymyz nygtady. Ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň nesil ugurlaryna,
türkmenleriň ýyndam atlarynyň dünýäniň seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna
bagyşlap birnäçe kitaplary döreden Milli Liderimiz bedewleriň taryhyň dowamynda
halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeländigini belledi we seýilgähiň çäklerinde
bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli
boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atyň şekilleri
bilen baglanyşykly işlere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň çekilmelidigini, bu ýerde amala aşyrylýan
bezeg we abadanlaşdyryş işlerinde ýaşlaryň başlangyçlarynyň, teklipleriniň
netijeli ulanylmalydygyny belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz şäheriň
ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe wajyp ornuň
degişli boljakdygyny aýdyp, bu ýerde hemişe gök öwüsýän baglaryň, ýaşyl
zolaklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini
nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu işlere öz wagtynda taýýarlyk görülmelidir.
Umuman, häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň
häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu
işlere örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda degişli
ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere kesgitlenen
wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.