milli goshun logo
«Euronews» bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär
«Euronews» bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär
28.02.2025 184 Habarlar

 Düýn – 27-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry, dürli ulgamlarda ýetýän belent sepgitleri, baý medeni mirasy, gözel tebigaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlarynda bar bolan mümkinçiliklerini giňden ýaýmak boýunça meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda «Euronews» telekompaniýasyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyz barada ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli wideoşekiller ýylyň dowamynda «Euronews» teleýaýlymynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleri geljekde-de dowam etdirmegiň wajypdygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň baý medeniýeti, taryhy, syýahatçylyk üçin döredýän mümkinçilikleri baradaky maglumatlary giň köpçülige has täsirli ýetirmek ugrunda täze taslamalara we mümkinçiliklere seretmäge taýýardygyny tassyklady.