2-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy
arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň
mejlisi geçirildi.
Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika
Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň,
Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň,
Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň,
Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Turkiýäniň, Finlýandiýanyň,
Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Şweýsariýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň,
Ýaponiýanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmenistandan sanly ulgamy arkaly
geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmengaz”
döwlet konserniniň wekili gatnaşdy.
Mejlise gatnaşyjylar Energetika Hartiýasynyň
Şertnamasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we halkara gün tertibiniň dünýäniň energiýa
bazarlaryna täsiri bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Energiýa
serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň amaly, normatiw we hukuk meselelerini ara
alyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylyň dekabrynda geçirilen mejlisiň gysgaça
hasabaty tassyklanyldy.