milli goshun logo
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
18.04.2024 181 Habarlar

Düýn – 17-nji aprelde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyp ulanmaga berlen bu merkeze Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly iki sany emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Her binanyň öz kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa, reanimasiýa bölümleri bar. Bu bölümlerde ornaşdyrylan enjamlar ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär.

Täze açylan merkeze ýörite awtoulaglar sowgat berildi. Ol welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etmek bilen, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşar.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.