Ozal habar berşimiz ýaly, 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi.
Fransiýanyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaş hökmünde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Ýewropada Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.