24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty adamzadyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty adamzadyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
20.12.2021 137 Habarlar

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýän 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.