Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda
möhüm orny eýeleýän şanly senäniň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen
maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan
türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet
toparlary gatnaşdylar.
Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Jemgyýetçilik
guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan, halkymyzyň baý medeni
mirasyny, taryhyny, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini açyp
görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Sergide
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm
orun berlipdir. Şeýle hem sergide milli senetçileriň, şol sanda türkmen
zenanlarynyň zehininden dörän dürli önümler, amaly-haşam sungatynyň eserleri,
kümüş şaý-sepler görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden kemala
gelýän halylardyr keşdeler hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI
maslahaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine
ýetirilmegi maslahatyň dabaraly böleginiň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara
iberen Gutlagynyň okalmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy.
Forumyň dowamynda DTYB-nyň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe birleşigiň işini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki
ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryna
ynsanperwerlik kömeklerini ugradýandygy nygtaldy. Ýakynda Owganystanda bolup
geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çeken owgan halkyna, ilkinji nobatda,
çagalara niýetlenen önümleriň we harytlaryň ugradylmagy ýurdumyzyň ynsanperwer
ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Bellenilişi ýaly, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan
türkmenleriň birleşigi Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy bilen bilelikde
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dabaraly maslahaty
geçirdi. Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýeti
hem şol ýerdäki dürli milletden bolan halklaryň dost-doganlygynyň
pugtalanmagyna ýardam etjek ynsanperwer çäräni gurady. Şeýle çäreler Dünýä
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň tagallalary bilen dünýäniň beýleki
ýurtlarynda hem ýaýbaňlandyryldy.
Birleşik «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen bilelikde her ýyl
Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri we şanly seneler mynasybetli
döredijilik bäsleşiklerini guraýar. Şeýle bäsleşik Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» diýen at bilen
geçirildi. Şunda bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda Dünýä türkmenleriniň
ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň hem bardygyny nygtamak gerek. Häzirki
döwürde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň
27-si hereket edýär. Olar Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri, halkymyzyň
milli medeniýetini, sungatyny, edebi gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dünýä
ýaýmakda, daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
gerimini giňeltmekde uly işleri alyp barýarlar.
Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen
sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.