Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, raýatlara döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze edara binasy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Dabara gatnaşyjylar edara binasynyň içine aýlanyp, döredilen şeýle döwrebap şertler bilen tanyşdylar. Şeýle hem zähmet çekmäge, ata Watana mynasyp gulluk alyp barmaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.