Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde
bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde
terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
...Ine, bu gün hem çagalaryň bilim we terbiýe alýan
özboluşly şäherjiginde oturdylan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele
geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga
Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň
lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri
geldiler.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary netijesinde
berkarar Watanymyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, aň-paýhas taýdan sazlaşykly
ösen nesli kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak boýunça giň
gerimli işler alnyp barylýar. Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilimleri
däl, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu ýerde olar şekillendiriş we
saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri
bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän
döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň
hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolan “Joşgun” tans
topary-da bar.
Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert
maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Baýramçylyk
dabarasynyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny
çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Bezelen arçanyň ýanynda
çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet
Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini
wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine
ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk,
türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary
bilen bilelikde owadan arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
adyndan dürli süýjüliklerden we ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw
serişdelerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyny has-da
artdyrdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
diýlip yglan edilen täze ýylyň hormatyna guralan dabarada Döwletliler köşgünde
terbiýelenýän çagalara saz gurallary hem gowşuryldy. Munuň özi olarda ýakymly
täsirleri galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda çagalar sowgatlary çuňňur hoşallyk
duýgulary bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar
çagalyk we özleri baradaky yzygiderli aladalar üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler.