Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek, zenanlaryň hukuklaryny
giňeltmek we bu ugurda halkara guramalar bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi
babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine
we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde
2025-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki
zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda
halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň guramaçylykly we
ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek bellenildi.
***
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy,
Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara forumy ýokary derejede geçirmek
hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny berkitmek boýunça alnyp barylýan
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine 2025-nji
ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni we 2025-nji ýylyň
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli
halkara forumyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek
tabşyryldy.