milli goshun logo
Döwlet Baştutanymyz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
03.05.2025 129 Habarlar

Düýn – 2-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze howa menziliniň çäginde uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara hem-de watandaşlarymyza ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýändigini belledi. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu döwrebap desganyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.