milli goshun logo
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
27.04.2025 146 Habarlar

Düýn – 26-njy aprelde atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat we teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, duýgurlygy, düşbüligi eserleriň awtorlaryny şahyrana mazmuna hem-de ylhama beslenen dürli keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlaryň her biri döredijilik işinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyr. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň bütin dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.