Düýn – 25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Türkmen halyçylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.
Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň – ajaýyp halyçylyk sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerimize wepalylygymyzy görkezýär.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki çäreler geçirildi.