milli goshun logo
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler
Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler
9 sagat öň 19 Sport

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tamamlanan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyna Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryş ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Milli ýygyndy toparyň tälimçisi 30 ýaşly Ýuriý Rogusskiý bilen onuň şägirdi Allanur Daýanjowyň arasyndaky erkekleriň ýekelikdäki final duşuşygy uly gyzyklanma döretdi. Geçen aýda olar Bahreýniň Isataun şäherinde geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň toparynyň düzüminde ýeňiş gazandylar. Indi bolsa bu iki tennisçi abraýly baýrak ugrundaky aýgytly duşuşykda bäsleşýärler.

Türgenleriň ikisi-de finala barýan ýolda dört duşuşykda ýeňiş gazandy. Allanur Daýanjow Seýran Begjaýewi 6:1, 7:6, Kerimgeldi Gulgeldiýewi 6:1, 6:0, Merdan Hanowy 4:6, 7:5, 6:3 we Didar Wepamyradowy 6:4, 6:2 hasabynda utdy. Ýuriý Rogusskiý bolsa Mihaýil Anohini 6:0, 6:0, Nazym Kasymowy 6:4, 7:5, Resul Ataýewi 4:6, 6:4, 6:2 hasabynda ýeňdi we üç sagatdan gowrak dowam eden ýarym finalyň goşmaça wagtynda Türkmenistanyň iki gezek öňki çempiony Meýlis Orazmuhamedowy 4:6, 7:5, 7:6 hasabynda ýeňdi.

Üç sagat 20 minut wagt dowam eden final duşuşygynyň dartgynlylygy-da şundan pes bolmady. Onuň ykbaly hem goşmaça wagtda çözüldi. Birinji seti Ýuriý Rogusskiý 6:4 hasabynda ýeňdi. Ikinji set A.Daýanjowa 6:0 hasabynda üstünlik getirdi. Aýgytlaýjy setde Allanur goşmaça wagtda 7:6 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy.

Şu ýylyň aprelinde Mary welaýatyndan 22 ýaşly Allanur Daýanjow ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Indi bolsa ol ikinji milli baýragy gazandy. Ol Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň bäşinji ýyl talyby bolmak bilen, okuwyny tennis bilen üstünlikli utgaşdyrýar.

Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Didar Wepamyradowy 6:3, 6:4 hasabynda ýeňen Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynyň ýene bir ýeňijisi, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň 26 ýaşly tälimçisi Meýlis Orazmuhammedow ilkinji üçlügiň soňky setirini eýeledi.

Zenanlaryň ýaryşynda Aşgabat şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Möwlamowa ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogyny gazandy. Ol bu üstünlige ýetmek üçin Serdar Bäşimowyň dördünji orunda duran 16 ýaşly şägirdi Ýewa Abramowany 6:0, 6:0 we Jennet Orazalyýewany 6:3, 6:1 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda Aýnur birinji orunda duran Leýli Esenowany hem iki setde 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi, finalda bolsa Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň dokuzynjy synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewany ýeňdi.

Zenanlaryň ýekelikdäki ýaryşynda bürünç medalyň eýesi Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa boldy, ol üçünji orun ugrundaky duşuşykda Leýli Esenowany 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi.