16.10.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Deňizçilerimiz göni ýaýlymda
Deňizçilerimiz göni ýaýlymda
27.09.2021 160 Habarlar | Harby Durmuş

Döwlet münberiniň meýdançasyndan dabaraly harby ýörişe gatnaşýan harby tehnikalaryň kerwenleriniň geçýän pursadynda dabaraly harby-deňiz ýörişi hem geçirildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň we Içeri işler ministrliginiň gämileriniň we katerleriniň dabaraly ýüzüşleri göni ýaýlyma çykyp, Döwlet münberiniň meýdançasyndaky ekranda görkezildi.

Şu ýyl harby deňizçilerimiziň ygtyýaryna gelen täze «Deňiz han» atly korwet kysymly söweşjeň maksatly harby gämi ilkinji gezek ýörişden geçdi. Ol harby-deňiz ýörişiniň «kerwenbaşysy» boldy. Munuň özi ýurdumyzyň deňiz serhediniň goragynyň ygtybarlydygyndan, Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginden, deňizçi harby gullukçylaryň Hazar deňziniň hemişe dostluk we ylalaşyk deňzi bolmagy üçin ak ýürekden gulluk edýändiginden habar berýär.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun».