Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geçirilen
aýdym-sazly baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Goranmak
ministrligi tarapyndan taýýarlanylan, ýurdumyzyň deňiz çäklerini ygtybarly
goraýan merdana deňizçileriň harby durmuşyndan söz açýan «Deňizçi» atly
harby-çeper filme tomaşa etdiler.
Mälim
bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
parasatly ýolbaşçylygynda Harby-deňiz güýçlerimiz birkemsiz enjamlaşdyrylyp,
kuwwatly häzirki zaman harby floty emele geldi. Onuň düzümine söweşjeň
mümkinçilikleri ýokary bolan täze gämiler gelip gowuşdy. Bu işleri netijesinde
ýurdumyzyň deňiz çäklerinde ýurdumyzyň goragy ýokary derejede üpjün edildi. «Deňizçi»
atly harby-çeper filmde şol mümkinçilikler täsirli wakalaryň üsti bilen giňişleýin
şöhlelenýär. «Altyn asyr:
Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Arkadag», «Türkmenistan: sport» teleýaýlymlarynda giň
tomaşaçylar köpçüligine ýetiriljek filmiň tutuşlygyna watansöýüjilige,
harby hünäre söýgä, parasatly pederlerimiz tarapyndan kemala getiren asylly
häsiýetleri özünde jemleýän harby deňizçilere bolan buýsanja ýugrulmagy aýratyn
bellenilmäge mynasypdyr.