Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
tarapyndan taýýarlanylyp, çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we
hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus
dillerinde neşir edilýän žurnalda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň hem-de hukuk
ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary giňişleýin beýan
edilýär.
Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli
plenar mejlisindäki çykyşy bilen açylýar.
Žurnalda şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatynyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda geçirilen birinji umumy mejlisindäki
çykyşy okyjylara ýetirilýär.
Okyjylara hödürlenilýän «Raýatlaryň durmuş we zähmet
hukuklary — kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy meselesi» atly makalada
Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygy barada gürrüň
berilýär.
Žurnalyň sahypalarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili»
filosofiýasynyň bitewülik ýörelgesi — üstünlikli diplomatiýanyň ulgamlaýyn
binýady» atly makala getirilýär.
Žurnalda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly
bäsleşige hödürlenen makalalar hem ýerleşdirilipdir.
«Bitaraplyk — ata Watanymyzyň nurana geljegi» atly
makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
esaslandyran «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklardaky täze
filosofiýasy adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk
we ynanyşmak syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bäsleşige hödürlenen «Eýeçilik hukugyny amala aşyrmakda
sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti» atly makalada häzirki zaman bazar
ykdysadyýetinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň önümçilikde we hyzmatlary
ýerine ýetirmekde wagty tygşytlamaga giň mümkinçilikleri döredýändigi
bellenilýär.
«Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň
kanunçylyk esaslary» atly makala hem okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýär.
Neşir däp bolan «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklara, mejlislere, okuw maslahatlaryna we beýleki çärelere bagyşlanan syn okyjylara ýetirilýär.