Düýn ýurdumyz
boýunça Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň
agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Ähli saýlaw
uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar ir sagat 7:00-da Döwlet
senasynyň ýaňlanmagy bilen açyldy we bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly
taýýar edildi. Hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde
ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylara ýadygärlik sowgatlary
gowşurdylar.
Saýlawlaryň
barşyna syn etmegi amala aşyran synçylaryň bellemeklerine görä, şu gezekki
saýlawlar hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde we
türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädim
boldy. Bu jemgyýetçilik-syýasy waka raýatlaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň ýagty
geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.
Hödürlenen dalaşgärleriň ilat arasynda uly hormata eýe bolan, zähmetsöýer
adamlardygyny, şolaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda
işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzda täze
döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzasynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden
öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher
halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzasynyň bir ornuna syýasy partiýalardan,
raýat toparlaryndan birnäçe dalaşgär bellige alyndy. Türkmenistanda Saýlawlary
we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw
okruglarynyň çäklerinde bar bolan 578 saýlaw uçastogynyň hemmesi ses bermek
üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Lebap welaýatynyň 74-nji
«Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji
«Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglarynda ses bermäge gelen saýlawçylaryň
140 müň 211-si, täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň
saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 357 müň 666-sy, welaýat we Aşgabat şäher halk
maslahatlarynyň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 52 müň 296-sy,
etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlawlarda saýlawçylaryň 43 müň
693-si, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlarda 109 müň 27 saýlawçy hasaba alyndy.
Saýlaw çäreleriniň barşyna syn etmegi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören
milli synçylar amala aşyrdylar. Olaryň baha bermeklerine görä, saýlawlar giň
bäsdeşlik, demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we
halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçdi.
Şu gezekki
saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygy saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň onlaýn
görnüşde ýaýlyma berilmegidir. Isleg bildirýänler onlaýn görnüşde merkezi
saýlaw toparynyň web saýtynda saýlawlaryň geçişine syn etmäge mümkinçilik
aldylar.
Türkmenistanda
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna
görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna — sagat 19:00-a çenli täze
döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça
saýlawçylaryň 91,14 göterimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň
saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 92,26 göterimi, welaýat, Aşgabat şäher halk
maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,47 göterimi,
etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň
91,06 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň 91,20
göterimi ses berdi. Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda,
saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen,
ses sanamak işi başlandy. Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda,
saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.
Şeýlelikde, şu
gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäre demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda ýene-de
bir möhüm ädim boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp,
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli dowam etdirilýän,
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen
özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat
edýär.