Şu gün Köneürgenç
etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil
köprüleriniň açylyş dabarasy boldy. Şäherçä Bitaraplyk adynyň dakylmagy Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bitaraplyk şäherçesiniň
açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň
wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýerde
medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Dabara gatnaşyjylaryň
şowhunly el çarpyşmalary bilen täze köprülerden ilkinji awtoulaglar geçip
başlaýar. Döwrebap ýol-ulag desgalary awtoulaglaryň iki tarapa hem bökdençsiz
hereket etmegini üpjün edýär. Köprüleriň ugrunda germewler, yşyklandyryş
ulgamlary çekilipdir.
Soňra
dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän
ýerine geldiler. Bu ýerde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagy
okaldy.
Dabara
gatnaşyjylar täze şäherçede döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara
binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde
jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy
hereket edýär. Onda ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň
sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir.
Täze şäherçäniň 420 orunlyk orta mekdebinde ösüp gelýän nesliň döwrebap bilim
almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin zerur mümkinçilikler göz
öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500
orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji
gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Täze şäherçede gurlan söwda merkezinde
alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Şäherçäniň açylyş
dabarasy bagtyýar ýaşaýjylaryň jaý toýlary we beýleki dabaralar bilen utgaşdy. Ýurdumyzda
gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze
şäherçedäki bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda-da hemme zerur şertler
döredilipdir. Döwrebap jaýlaryň giň we ýagty otaglary iň täze hojalyk enjamlary
bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar
amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda ýurdumyzda öndürilen
häzirki zaman binagärlik, bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we
beýleki desgalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, mellek
ýerlerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr.