milli goshun logo
Dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi
Dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi
16.05.2025 142 Habarlar

Düýn – 15-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: sport – parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol halkara derejede guralýan sport ýaryşlarynda türgenlerimiz netijeli çykyş edip, bütin dünýäde türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermek ugrunda gazanýan ýeňişleriniň we üstünlikleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler, ilki bilen, şanly ýylda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylan uly üstünlik bolup halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülen «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda gazanan taryhy ýeňşi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar we şeýle ýeňişleriň dowamly bolmagyny arzuw etdiler. Olar ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligine döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.